Sepleriň elýeterliligi

Klinton aşgazan wirusy sebäpli Morokka saparyny goýbolsun edýär


ABŞ-nyň Döwlet departamenti döwlet sekretary Hillari Klintonyň aşgazan wirusy sebäpli Morokka etmeli saparyny goýbolsun edendigini habar berýär.

Klinton ol ýerde siriýa oppozisiýasyna kömek baradaky maslahata gatnaşmalydy. Resmiler Klintonyň deregine döwlet sekretarynyň orunbsary Williýam Börnsiň sapara gitjegini aýdýarlar.

Birleşen Ştatlar Marrakeçde çarşenbe güni boljak maslahatda Siriýanyň täze oppozisiýa koalisiýasyny, siriýa halkynyň kanuny wekili hökmünde, resmi taýdan ykrar edip biler diýip, resmiler aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG