Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HPF-nyň öňki başlygy Nýu-Ýork hoteliniň hyzmatçysy bilen ylalaşdy


Dominik Straus Kan Nýu-Ýork oteliniň hyzmatçysy bilen maliýe ylalaşygyna geldi.

Myhmanhana hyzmatçysy ony jynsy zorlukda aýyplapdy. Duşenbe güni Nýu-Ýork şäherinde bolan sud diňlenişiginde sudýa Straus Kan bilen Nafissatou Daýallonyň özara ylalaşyga gelendigini yglan etdi.

Sudýa bu ylalaşygyň esasynda ejir çeken tarapa tölenen dollar barada anyk zat aýtmady.

63 ýaşly Straus Kan Nýu-Ýork oteliniň hyzmatçysy Daýallonyň jynsy zorluk baradaky aýyplamasyndan soň, Halkara pul fondunyň başlyklygyndan çekilmeli bolupdy. Bu waka 2011-nji ýylyň maýynda bolupdy.

Nýu-Ýork prokurorlary, Daýallonyň ynamdarlygy barada sorag döränden soň, ahyrynda bu işi duruzypdylar. Straus Kan bu hadysadan öň Fransiýanyň prezidentligine esasy kandidatlaryň biridi.
XS
SM
MD
LG