Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: çaknyşyklarda dokuz adamyň ýaralanandygy aýdylýar


Protestçiler Tahrir meýdançasynyň golaýyndaky hökümet edarasynyň derwezesini böwetleýärler, Müsür, Kair, 11-nji dekabr, 2012
Protestçiler Tahrir meýdançasynyň golaýyndaky hökümet edarasynyň derwezesini böwetleýärler, Müsür, Kair, 11-nji dekabr, 2012
Prezident Muhammad Morsiniň ýaranlarynyň we garşydaşlarynyň sişenbe güni Kairde gurnaýan garşylyklaýyn mitinglerine taýýarlyk görülýän wagtynda dokuz adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

Müsüriň mediasynyň maglumatyna görä, Kairiň merkezi Tahrir meýdançasyna ýygnanyşan protestçileriň garşysyna hüjümçiler ok atyp, otlanýan bombalary oklapdyrlar.

Oppozisia toparlary taslanan täze konstitusiýa boýunça şenbe gününe planlaşdyrylýan referendumy ýatyrmaga prezidente basyş etmek üçin Kairde protest ýörişini geçirmeklige çagyryş etdiler.

Morsiniň yslamçy ýaranlary bolsa referendumy geçirmekligi goldap, ýörişe çagyryş etdiler.

Mitinglerden bir gün öň, Morsi polisiýa bilen bilelikde jemgyýetçilik tertip-düzgünini berjaý etmegi goşun güýçlerine buýurdy. Şeýle hem ol harbylara graždan adamlary tussag etmäge ygtyýarlyk berdi.

Prezidentiň yslamçy ýaranlarynyň agdaklyk edýän Assambleýasy tarapyndan düzülen Konstitusiýanyň taslamasy oppozisiýa we adam hukuklaryny goraýjylar tarapyndan ýazgaryldy. Olar esasy azatlyklary hem-de aýallaryň we azlyklaryň goragyny kepillendirmeýänlikde bu taslamany tankyt etdiler.

Morsi we onuň ýaranlary täze Konstitusiýanyň zerurdygyny aýdýarlar. Olar muny öňki prezident Hosni Mubarek wezipesinden agdarylanyndan soň Müsürde dörän özgerişikleri goramak üçin möhümdigi bilen düşündirýärler.

Ýitileşýän garşylyk

Sişenbe güni ýygnanyşan protestçiler şenbe gününe bellenilen referendumy ýatyrmaklyga çagyryş etdiler.

“Biz şenbe gününe çenli netije gazanmaga çalyşarys. Biz şenbe gününiň Müsüre gelmezligi üçin janymyzdan geçeris” diýip, proteste çykan Saýed aýdýar.

15-nji dekabrda referendum geçirilen ýagdaýynda Müsüriň esasy oppozisiýa topary hasaplanýan “Milli halas ediş frontunyň” ses berişligi baýkot edip-etmejekdigi ýa-da “garşy” diýip ses berjekdigi häzirlikçe anyklanmady.

BBC telekanalyna beren interwýusynda “Milli halas ediş frontunyň” liderleriniň biri Muhammad ElBaradeý referendumyň yza çekdirilmegini isleýändigini aýtdy.

“Hut Konstitusiýa biziň esasy hukuklarymyzy we azatlyklarymyzy kesgitleýär. Bu bolsa dogry demokratik sistemany döredip bilmeýär. Şunlukda, biz häzir şenbe günündäki referenduma garşy dyrjaşmak derejesinde durus”.

Şenbe gününe bellenen konstitusion referendum 2011-nji ýylyň fewral aýynda Hosni Mubarek wezipesinden agdarylanyndan soň Müsürde iň ýiti syýsy krizisi döretdi.

Geçen hepdede prezidentiň garşydaşlary bilen ýaranlarynyň arasynda bolan çaknyşyklarda azyndan ýedi adam öldi we ýüzlerçe adam ýaralandy.
XS
SM
MD
LG