Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MAG: ABŞ-nyň kuwwady gitdigiçe peseler


Milli aňtaw geňeşiniň emblemasy
Milli aňtaw geňeşiniň emblemasy
Birleşen Ştatlaryň aňtaw gullugy töwerekleriniň çaklamagy boýunça ABŞ-nyň ägirt güýç statusy 2030-njy ýyla çenli kem-kemden peselip, aradan aýrylar. Munuň sebäbi Aziýanyň ykdysadyýetleriniň Demirgazyk Amerikanyň we Ýewropanyň ykdysadyýetlerinden güýçli bolmagy bilen düşündirilýär.

Ýöne "Milli aňtaw geňeşiniň" (NIC) 10-njy dekabrda ýaýradan "Global Ugur 2030" atly hasabatynda bellenmegine görä, global krizisleri çözmekde oýnap biljek roly, tehnologik artykmaçlyklary, şeýle hem "ýumşak güýç" ýa medeni özboluşlylygy sebäpli ABŞ-nyň dünýäniň iň güýçli döwletleriniň biri bolup galmagy ähtimal.

Hasabatda Hytaýyň 2020-nji ýyllarda dünýäniň iň uly ykdysadyýeti bolup, ABŞ-dan öňe geçmeginiň mümkindigi aýdylýar.

Ykdysady aşaklamanyň Ýewropada, Ýaponiýada we Orsýetde yzygiderli dowam etmegine garaşylýar. Munuň bir sebäbi bu ýerlerde ilatyň ýaşynyň gitdigiçe gojalyşýandygydyr.

Yslama daýanylyp edilýän terrorçylyk hem 2030-njy ýyla çenli azalar. Ýöne hasabatda internet üsti bilen bolýan hüjümleriň köpelmegi, suw ýaly resurslar sebäpli turýan konflikteriň durnuksyzlyga getirmegi mümkin diýilýär.

Hasabatda "tektoniki süýşme" diýlip, dünýäniň energiýa importirleýän uly döwletleriniň biri bolan Birleşen Ştatlaryň energiýa taýdan garaşsyz bolmagyna garaşylýar.

Ýöne ABŞ-nyň halkara syýasatynda 1945-nji ýyldan başlap, beýgelip ugran orny indi beýleki ýurtlaryň ýokarlanmagy netijesinde çalt aşaklamak bilen.

Hasabatda aýdylmagyna görä, öz ykdysady ösüş perspektiwasy sebäpli Germaniýanyň Ýewropa Bileleşigindäki 26 döwletiň ýolbaşçysy bolup galmagy ähtimal.

Beýleki görkezijiler

Orsýet hem 2030-njy ýyla çenli ilat sanynyň ep-esli aşaklamagy bilen ýüzbe-ýüz bolar. Onuň ilaty ýene 10 million çemesi azalar. Ýöne ykdysady ösüş derejesine baglylykda, şeýle hem immigrasiýa syýasaty sebäpli onuň global güýç-gudratdaky paýyny saklap galmagy mümkin.

Hasabatda Orta Gündogar we Günorta Aziýadaky "regional dinamikanyň" geljek 20 ýyllykda durnuksyzlyga getirmeginiň mümkindigi bellenýär.

Dünýäni nebit-gazyň beýleki çeşmeleri bilen üpjün edýän täze tehnologiýa sebäpli Orta Gündogar öz ykdysadyýetini dürli ugurlarda ösdürmeli bolar.

Hasabatda Eýran barada aýdylanda, yslam režiminiň öz güýç-gudratyny saklap, atom ýaraglaryny öndürmek başarnygyna eýe bolarlydygy bellenýär. Şeýlelikde Orta Gündogara ýokary derejede durnuksyz geljek garaşýar.

Hasabatda Owganystan bilen Pakistana "bişowluk" howpy abanýan 15 döwletiň sanawynda orun berilýär.

Ykdysadyýetiň haýal ösmegi, azyk harytlarynyň bahasynyň ýokarlanmagy, energiýa ýetmezçiligi bu ýurtlary dolandyrmagy kynlaşdyrýar. Şol bir wagtyň özünde-de bu kynçylyklar barha artýan durnuksyzlygyň alamaty bolup durýar.

Pakistan bilen deňeşdireniňde Hindistanyň öz güýç artykmaçlyklaryny pugtalandyrmagy dowam etdirmegi ähtimal. Hindistanyň ykdysadyýeti häzir Pakistanyňkydan 8 essä golaý ýokary. 2030-njy ýyla çenli bolsa ol 16 esseden hem aşar.
XS
SM
MD
LG