Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Moskwa ABŞ-nyň pozisiýasyndan nägile


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow

Orsýetiň daşary işler ministri ABŞ-nyň Siriýanyň oppozisiýasyny ykrar etmegi, ozalky gelnen ylalaşyklara ters gelýändigini aýdýar.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow çarşenbe güni Moskwada geçirilen metbugat konferensiýasynda çykyş edip, Waşingtonyň Siriýanyň oppozisiýasynyň döreden täze koalisiýasyny, siriýalylaryň kanuny wekili diýip ykrar etmegi ony “geň galdyrandygyny” aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bu karary barada, sişenbe güni düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “ABC News” telekanalyna beren interwýusynda aýtdy.

Obama: “Biziň gelen netijämize görä, Siriýanyň oppozision koalisiýasy Siriýanyň halkyna ýeterlik derejede wekilçilik edýär we ony häsiýetlendirýär, şu sebäpli-de biz ony siriýa halkynyň kanuny wekili hökmünde ykrar etmek kararyna geldik” diýdi.

Obama oppozisiýa koalisiýasynyň jogapkärçiligi duýup hereket etjekdigine, şeýle-de aýallaryň we azlyklaryň haklaryna hormat goýjakdygyna Birleşen Ştatlaryň umyt edýändigini aýtdy.

Waşington we onuň ýaranlary çarşenbe güni Morokkoda geçýän maslahatyň dowamynda, Siriýanyň oppozisiýasyna nobatdaky tapgyr hemaýatyň berilmegi barada gürrüň ederler.

Çarşenbe güni Moskwada eden çykyşynda, Lawrow ABŞ-nyň häzirki kararynyň iýunda Ženewada gelnen halkara ylalaşyklaryna çapraz gelýändigini aýtdy. Oňa laýyklykda, 20 aý golaý wagt bäri dowam edýän dartgynlylygy gowşatmak üçin, geçiji hökümet düzülmelidi.

Orsýet Siriýanyň uzak wagtlaýyn hyzmatdaşy bolup, ol halkara jemgyýetçiligi tarapyndan prezident Başar al-Assadyň režimine arka çykmakda aýyplanypdy.

Geçen aý Assadyň režimine garşy durmak üçin, Siriýanyň rewolýusionerleriniň milli koalisiýasy we Oppozisiýa güýçleri döredilipdi. Koalisiýa siriýalylaryň kanuny wekili hökmünde eýýäm Britaniýa, Fransiýa we ençeme Arap döwletleri tarapyndan ykrar edildi.

2011-nji ýylyň martynda Assadyň režimine garşy başlanan tolgunşyklaryň netijesinde, 40 müňe golaý adamyň öldürilendigi çaklanýar. BMG-niň Bosgunlar boýunça edarasynyň maglumatlaryna laýyklykda, 250 müňe golaý siriýaly goňşy döwletlere geçipdir.
XS
SM
MD
LG