Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Koreýa orbita raketasyny uçurdy


Demirgazyk Koreýanyň raketa uçurmagyna protest bildirip, Günorta Koreýanyň paýtagty Seulda ýöriş geçirilýär, 12-nji dekabr, 2012

Demirgazyk Koreýanyň raketa uçurmagyna protest bildirip, Günorta Koreýanyň paýtagty Seulda ýöriş geçirilýär, 12-nji dekabr, 2012

Demirgazyk Koreýa orbita üçuran raketasynyň şowly bolandygyny yglan edýär.

Demirgazyk Amerikanyň Aerokosmos goranmak komandowaniýesi (“NORAD”) Demirgazyk Koreýanyň Ýeriň orbitasyna bir obýekti uçurandygyny ABŞ-nyň sistemasynyň kesgitländigini habar berdi.

“NORAD” raketanyň birinji tapgyrynyň Sary deňzine, ikinjisiniň bolsa Filippin deňzine düşendigini aýtdy.

Raketanyň uçurylmagy dessine Demirgazyk Koreýanyň goňşulary Günorta Koreýa we Ýaponiýa, şeýle hem Orsýet, ABŞ we BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun tarapyndan ýazgaryldy.

Diplomatlar bu mesele boýunça çarşenbe güni BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň maslahatyny geçirmek barada tagalla edilýändigini aýtdylar.

Mundan öň Aprel aýynda Demirgazyk Koreýanyň uçuran raketasy şowsuzlyga uçrapdy.

Demirgazyk Koreýa ýeriň emeli hemralaryny uçurmaga haklydygyny we çarşenbe güni orbita meteorologiki sputniginiň uçurylandygyny aýdýar.

Tankytçylar orbita raketa uçurmak bilen, ýadro ýaragyny göterýän uzak aralyga niýetlenen raketalary döretmek işini ýaşyrýanlykda Demirgazyk Koreýanyň režimini ýazgarýarlar.

Raketa çarşenbe güni Aşgabat wagty bilen ir sagat 5:50 töwerekde orbita uçuryldy. Onuň yzy bilen bu barada Demirgazyk Koreýanyň döwlet telekanalynda habar berildi:

“12-nji dekabrda “Kwanmenson-3” kysymly sputnigiň ikinji görnüşi “Unha-3” raketasy arkaly Demirgazyk Phenan welaýatynyň Çolsan okrugyndaky Sohae kosmos merkezinden şowly uşuryldy. Sputnik öz orbitasynda ýerleşdi”.

Günorta Koreýa Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň gyssagly maslahatyny çagyrdy.

Ýaponiýa raketanyň Okinawanyň üstünden geçendigini mälim etdi. Tokio raketany atyp ýykmak barada hiç hili tagalla etmedi we ot açmagyň “çydamsyzlyk” boljakdygyny aýtdy.

Çuňňur aladalar

Žurnalistler bilen duşuşygynda Ýaponiýanyň ministrler kabinetiniň baş sekretary Osamu Fujimura raketany uçurmazlyk barada Ýaponiýanyň berk talap edendigini aýtdy.

“ Berk talaba garamazdan olaryň raketany uçurmagy gynandyryjy fakt. Ýaponiýa muny kabul ederliksiz diýip hasaplaýar. Biz Demirgazyk Koreýa protestimizi berk yglan ederis”.

Ak Tam raketanyň uçurylmagyny berk ýazgardy we muny “regionyň howpsuzlygyna zeper ýetirýän prowakasiýa” diýip atlandyrdy. Şeýle hem, bu Demirgazyk Koreýanyň raketa we ýadro programmasy boýunça BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýasyna ters gelýär diýip, Waşington belledi.

BMG-niň baş sekretary Ban Ki-mun raketanyň uçurylmagy “Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýalarynyň açyk bozulmagydyr” diýdi. Ol ballistik raketa tehnologiýaly uçuşlary amala aşyrmazlyk barada Demirgazyk Koreýa çagyryş etdi.

BMG-niň beýanatynda “raketanyň uçurylmagynyň parahatçylyga we regionyň asudalygyna oňaýsyz täsir ýetirjegi” barada Baş sekretaryň aladalanýandygy aýdylýar. Ban Ki-munuň “alada bildiren” döwletler bilen habarlaşandygy bellenilýär.

Orsýetiň daşary işler ministri bu waka bilen baglylykda “çuňňur gynanjyny” bildirdi.

Demirgazyk Koreýa bilen söwda gatnaşygyny saklaýan we bu ýurda kömek berýän Hytaý hem öz ýaranyny tankytlady. “Sinhua” döwlet habar agentliginde berlen maglumatda Demirgazyk Koreýanyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýalaryny ýerine ýetirmelidigi aýdylýar.

Dartgynly ýarym ada

Demirgazyk Koreýanyň raketa uçurmagy ýakynda Günorta Koreýada we Ýaponiýada saýlawlaryň geçiriljekdigi bilen gabat geldi.

Demirgazyk Koreýanyň täze lideri Kim Ýoň-un bir ýyl mundan ozal häkimiýet başyna geleli bäri, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň gadagançylygyna garamazdan, bu ýurt iki gezek raketa uçurdy.

Demirgazyk Koreýa 2006-njy we 2009-njy ýyllarda iki gezek ýadro ýaraglarynyň synagyny geçirdi.
XS
SM
MD
LG