Sepleriň elýeterliligi

Çaweziň operasiýasynyň üstünlikli geçirilendigi aýdylýar


Ugo Çaweze Kubuda rak ösüntgilerini aýyrmak boýunça operasiýa üstünlikli geçirilipdir. Bu barada Wenesuelanyň resmileri habar berýär. Şeýle-de, häzir döwlet lideriniň ýagdaýynyň gowulaşýandygyny habar berilýär.

Wise-prezident Nikolas Maduro, sişenbe güni operasiýanyň çylşyrymly geçendigini we onuň alty sagatdan gowrak dowam edendigini aýtdy. Ol 58 ýaşly Çaweziň keselhanadaky öz otagynda dynç alýandygyny hem sözüne goşdy.

Bu operasiýa prezident Çaweziň soňky 18 aýyň içinde, rak bilen bagly Kubada geçiren azyndan dördünji opersiýasydyr.

Geçen hepdäniň soňunda, prezident Çawez rak hassalgynyň öz bedenine gaýtadan ornaşandygyny we Kubada operasiýa boljakdygyny habar beripdi.
XS
SM
MD
LG