Sepleriň elýeterliligi

Britaniýanyň banky ABŞ-a 1.9 milliard dollar jerime töleýär


Britaniýanyň iň äpet banklarynyň biri hasaplanýan “HSBC” banky Birleşen Ştatlaryň maliýe düzgünnamasyny bilkastlaýyn bozany üçin, 1.9 milliard dollardan gowrak jerime tölemäge razy bolupdyr. Bu barada ABŞ-nyň resmileri maglumat berýär. Bu şu wagta çenli banka salnan iň uly jerime hökmünde häsiýetlendirilýär.

ABŞ-yň resmileriniň aýtmagyna görä, “HSBC” bilkastlaýyn ABŞ-nyň Eýran we beýleki ýurtlar bilen bagly sankisýalaryny bozupdyr we meksikaly neşe gaçakçylaryndan hem millionlarça dollar alypdyr.

ABŞ-nyň Eýrandan başga-da pul dolanşygyny gadagan edýän, sanksiýa girizen ýurtlarynyň arasynda Libýa, Sudan, Kuba we Mýanmar dagy hem bardy. Resmileriň aýtmagyna görä, bank şol ýurtlaryň hem pul dolanşygyna rugsat beripdir.

"HSBC" köpçüligiň öňünde ötünç sorap, eden işi üçin jogapkärçiligi öz üstüne aldy.
XS
SM
MD
LG