Sepleriň elýeterliligi

Dünýä Demirgazyk Koreýanyň raketa uçurmagyna reaksiýa bildirýär


Halkara jemgyýeti Demirgazyk Koreýanyň kosmosa ütünlikli raketa uçurmagyny ýazgarýar. Phenýangyň aýtmagyna görä, çarşenbe güni raketa uçurylmagynyň yz ýany bilen howa hemrasy orbitada ýerleşdirilipdir.

ABŞ şol desganyň ýeriň orbitasyna ýerleşdirilendigini tassyklaýar. BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun bu ýagdaýy BMG-niň rezolýusiýasynyň “açyk bozulmagy” diýip atlandyrdy.

Günorta Koreýa, Ýaponiýa we ABŞ synagy gadagan edilen bu uzak aralyk üçin niýetlenen raketanyň uçurylmagyny ýazgardy. Orsýet bilen Hytaý, Phenýanyň bu hereketine gynanjyny bildirdiler.

Diplomatlaryň aýtmagyna görä, çarşenbe güni BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň adatdan daşary ýygnagyny geçirmek üçin tagallalar dowam edýär.

Tankytçylar Demirgazyk Koreýanyň režimini ýadro ýaraglaryny daşap bilýän raketalary özleşdirmegini örtmek üçin raketa uçuşlaryny amala aşyrmakda aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG