Sepleriň elýeterliligi

Prezident Putin ýyllyk ýüzlenmesi bilen çykyş etdi


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, ýurduň içerki işlerine garyşmazlyga çagyrdy. Şeýle-de Putin çarşenbe güni eden çykyşynda, daşary ýurtdan maliýe kömegini alýan adamlaryň, syýasata goýberilmeli däldigini aýtdy.

Bu Putiniň üçinji möhlete prezident saýlanyp, şu ýylyň maýynda Kremle dolanaly bäri, millete ýüzlenip eden ilkinji çykyşy boldy.

Putiniň dolanmagy bilen, ýurtda dissidentleri basyp ýatyrmak, oppozisiýa aktiwistlerini tussag etmek, berk kanun taslamalaryny girizmek ýaly çäreler geçirildi.

Çykyşynyň dowamynda Putin milli häsiýetleri saklamagyň möhümdigini hem nygtap geçdi.
XS
SM
MD
LG