Sepleriň elýeterliligi

Sülgün: "Çärä gatnaşmasaň, sen boş"


Türkmenabadyň "Derýaçylar" stadionynda adamlar çärä taýýarlyk görýärler.

Türkmenabadyň "Derýaçylar" stadionynda adamlar çärä taýýarlyk görýärler.

Türkmenistanda geçirilýän her dürli çärelere edara işgärleriniň, mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň mejbury gatnaşdyrylýan halatlarynyň hem bolýandygy aýdylýar. Bu ýagdaýlar bilen gyzyklanyp Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy 50 ýaşly maryly işçi zenan Sülgün bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Aşgabat şäherinde täze binalaryň açylyş dabaralaryna, ýa dürli baýramçylyklar bilen bagly çärelere studentleri, mekdep okuwçylaryny, edara-kärhana işgärlerini gatnaşmaly edýärler, şu babatda welaýatlarda ýagdaý nähili?

Sülgün: Welaýatlarda-da şular ýaly. Sen okuwçy bol, talyp bol, sen işgär bol çäre bolsa çykaýmaly sen. Bäşinji, altynjy, bazar günler “Saglyk yoly” diýip “Saglyk yoluna” ýörişe çykmaly, beýleki günler çärelere çykaýmaly sen, hökmany ýagdaýda çykaýmaly sen, çäre bolsa çykarylýar.

Azatlyk Radiosy: Mekdep okuwçylarymy ýa edara-kärhananyň işgärleri?

Sülgün: Ýok okuwçylaram çykýar, edara-kärhana işgärleri hem çärelere çykarylýar.

Azatlyk Radiosy: Welaýatlarda nähili çäreler geçirilýär?

Sülgün: Aý, welaýatlarda-da tapylyp dur, ine “Ruhnama güni” diýdi, oňa tapylyp dur, ýa bir täze bina açylsa şoňa tapylyp dur, bir ýaşaýyş jaý toplum-zat neme edilse oňa, sport mekdepleri açylsa olara-da tapylyp dur çäre, tapylyp dur, “Saglyk güni” diýýär, oňa tapylyp dur. Bir sähel neme bolsa-da, çäre tapylyp dur, çäreleriň yzy üzülenok.

Azatlyk Radiosy: Howa şertleri nähili bolsa-da çagalary hökmany gatnaşmaly edýärlermi?

Sülgün: Garnaşmaly bolýarlar ýöne köp ýerde ene-ata alyp galýar. Edil meniň özüm-ä alyp galýan, edil, dogrymy dogry aýtjak, köp ýagdaýda bara, howa sowugrak, nemeräk bolan ýagdaýynda “Mugallymyň näme diýse diýsin, ýöne gideňok” diýip alyp galýan. Çagalar gidäýmeli, seniň howa şertiňe garap duranoklar, oňa gidäýmeli.

Azatlyk Radiosy: Şular ýaly çagaňyzy goýbermedik halatyňyzda mugallymlar bilen araňyzda düşünişmezlikler bolanokmy?

Sülgün: Bolýar, bolan wagtlary bolýar. “Nämüçin çärä ibereňizok, çärä ibermeli hökmany ýagdaýda, bolanok çärä ibermeseňiz, bu syýasata ters gelýär, näme-näme...” diýýärler-dä, ýöne menä alyp galýan, edil meniň öz çagam ýarawsyzrak, gowşagrak bolan soň alyp galmaly bolýan men, alyp galýan, nädeýin.

Azatlyk Radiosy: Çärelerde sowuklap, ýa bolmasa, ine, gün urup, şunuň ýaly agyr ýagdaýa düşýän çagalar bolýarmy?

Sülgün: Bolýar, olar ýalam eşidýäs, bolýar. “Altyn sähra” etraby açylanda, şona çagalar gidende sowukdy-da, dikaýaga, şonda şolar ýaly ýagdaýlar bolda, çagalar sowuklap, üşäp, hiç kim diňlänogam, seredenogam.

Azatlyk Radiosy: Eger-de edara-kärhananyň işgärleri gitmek islemän ýagdaýynda olara nähili çäre görülýär?

Sülgün: Düşündirişini alýarlar elinden, düşündiriş alyp ertirem arz edýärler üstüňden, ine işgärlere görülýän çäre. Şol bir gezek gaýtalansa, onda ikinji gezek gaýtalananda, onda “Gönümel işden çykarýas” diýýärler seni.

Azatlyk Radiosy: Şuňa siziň özüňiz nähili baha berýäňiz, nähili garaýaňyz?

Sülgün: Aslynda, düýbünden geregi ýok şu çäreleň hiç hili geregi ýok.

Azatlyk Radiosy: Çäreler nähili gurnalsa halka agram salmaz?

Sülgün: Näme, bir ýerli häkimiň özi barsyn, açaryny gowşursyn, açsyn-da gaýdybersind-ä, öňem soýuz döwründe-de açylan, neme edilen zatlar bolupdyr-a, açylypdyr-a şonda-da şol zatlar. Ýa şol döwürde patyşa, ýene gelip açmandyr-a, açylypdyr-a, ýa okuwçy-zat biz göremzog-a.

Azatlyk Radiosy: Indi, şu çäre gatnaşanda çagalary näçe sagatlap äkidýärler, şulary nähili iýmitlendirip, şulara çaý-suw berýärler?

Sülgün: Iýjek-içjek zadyny ene-ata ýanyna salýar, baklaşkalyja suwuny, iýjek-içjek zadyny ýanyna salyp, berip goýberýär. Iki sagatlyk gitsin, üç sagatlyk gitsin ol, sutgalyk gitsin sen iýjek-içjek zadyny ýanynda berip goýberýäň.

Birki günlük gidende çagalara 500 manatlyk ýaly çykdaýjy bolýaram. Ene-atalara salgyt salynýa-da, "Sen plan zat, plan zat getirmeli” diýip. Onam ene-ata eltýär, nätsin, ene-ata görgülem çagasy üçin edýär ony. Nämetsin? “Çagam şo taýda kösenmesin, bir çölüň içine gitse, nemetmesin...” diýip.

Azatlyk Radiosy: Şunuň ýaly ýagdaý özüňizde boldumy?

Sülgün: Hawa, meniň özümde-de şunuň ýaly ýagdaý boldy.

Azatlyk Radiosy: Indi 500 müň manada çenli siz çykdaýjy çykaran bolsaňyz, täze pulda 100 manat bolýar-da, siziň çykaran bu puluňyza, şonça iýmiti siziň çagaňyz iýip ýetişýärmi şol iküç günüň içinde?

Sülgün: Ýetişmeýär, nireden iýip ýetişsin ol, ýumruk ýaly çaga nirden iýip ýetişsin?

Azatlyk Radiosy: Onda iýmiti yzyna getirýärmi?

Sülgün; Ýok, yzyna gelýän zat göremzok biz häzir, yzyna getirermi ol, jan dogan?

Azatlyk Radiosy: Şu ýagdaý Týrkmenistanyň hemme welaýatlarynda bolýarmy?

Sülgün: Biziň eşidişimize görä hemme welaýatlaram şonuň ýaly.

Azatlyk Radiosy: Etraplarda ýagdaý nähili?

Sülgün: Etraplardanam getirýärler, ýokary klas okuwçylary awtobuslarda uly çareler geçirilse getirýärler, ýokary klas oglanlar-gyzlar hem gelýärler.

Azatlyk Radiosy: Ynha, mysal üçin bir edara-kärhana açyljak bolanda, şol çagalar, edara-kärhanalaryň işgärleri näçe sagatlap şol ýerde bolmaly bolýarlar?

Sülgün: Üç günläp gidýän wagtlary hem bolýar, iki sagatlyk gidýän wagtlaram bolýar, ol ýöne bir 4-5 sagatlyk bolýan wagtlaram bolýar, ol taýda saklanyşyna bagly.

Azatlyk Radiosy: Döwlet baştutany welaýatlara sapar edende, mysal üçin irden sagat 10-a ýa 11-e geljek bolsa, çärä gatnaşmaly çagalara ýa işgärlere daňdan 4-e – 5-e “Bellenen ýerä barmaly” diýilýär, şeýle ýagdaýlar dogurdan hem bolýarmy?

Sülgün: Öňräginden baryp durmaly ýeriň bar seniň, durmaly ýeriňe baryp durmaly sen. 9-a-10-a geljek ýerine eýýäm biz sagat 4-de – 5-de ýola çykýas, ýollar ýapylýa-da, şonuň üçin bolanok. Her kim 6-a – 7-ä barmaly, onsoň nätjek 6-a – 7-ä ýetişjek bolsaň sen 4-e – 5-e öýüňden çykmaly bolýaň.

Azatlyk Radiosy: Onsoň, şol gün iş togtadylýarmy?

Sülgün: Şol gün iş ýatýar, edarada birki sany nobatçyny goýsalar çoýýarlar, edil iş ýatýar şol gün. Spisok edýärler-da “her edaradan plança sany adam çykmaly” diýip, borçly edýärler edarany. 70 sany işgär bolsa, şonuň 50 sanysy çykaýmaly diýýär, onsoň 20 sanysy işde otursa 50 sany işgär çykaýmaly ýola.

Azatlyk Radiosy: Onsoň, ine, tiz kömegiň lukmanlary bolýar, keselhananyň lukmanlary bolýar, şularyň ýagdaýy nähili? Şunuň ýaly yzyndan ýetişip bilmän bir pajygaly ýagdaýlaryň ýüze çykýan wagtlary bolýarmy?

Sülgün: Bolsa bolýandyram, näme, sen tiz kömege jaň eden wagtyň ol wagtynda gelenog-a. Iki ädim ýer bolsa-da, bir sagatdan, iki sagatdan gelse, şol kadrlaryň ýetmezçiligi-dä, şolaryň pagta gidenligi ýa şolar ýaly çärä çykanlygy, ýa ýene bir zat edenliginiň alamaty bolýar-da, bir sagatda geljek bolsa onda tiz kömegiň geregi ýog-a.

Azatlyk Radiosy: Çärelerdäki şardyr baýdaklar halkyň özüne aldyrýarlarmy ýa döwlet tarapyndan berilýärmi ol zatlar?

Sülgün: Ýok, hemme zadam özümiz alýas, baýdak-şar öňünden alyşdyryp goýýas, bar zadam özümiz alýas çagalarymyza. Mekdep okuwçylarymyza özümiz alýas. “Baýdak almaly, birki sany şar almaly” diýseler, alyp goýýas öňünden, fonara çenli özümiz alyp goýýas. Özümiz gidende ýöne uly baýdaklary edara-kärhana berýär, ýöne “şar zatlary özüňiz alyp geliň” diýýärler, 3-4 sany şar, alyp barmaly bolýas şo zatlary.

Azatlyk Radiosy: Öňünden taýýarlyk görülýärmi, ine siz "belli durmaly ýeriň görkezilýär" diýdiňiz, taýýarlyk görlüp wagt ýitirilýärmi?

Sülgün: Hawa, ýitirilýär, öňünden repetisiýa diýlip, prezidentiň gelmeginden bir gün öňürti durmaly ýeriňi görkezjek bolýarlar, şonda-da barmaly wagtyň baraýmaly sen, 6-a barmaly bolsa edil 6-a baryp durubermeli sen, ýeriňi görkezýärler, soňam bir repetisiýa ýaly bir zat geçýärler, ine plan zat diýmeli, näme-näme diýip, dursuň şo taýda, şonda-da wagtyň gidýär, sen dursuň 12-ä deň, “gidiň” diýýänçelerem durýaň sen 12 bolsun, 1 bolsun, 2 bolsun, aç bol, suwsyz bol, o zatlar bilen hem işleri ýok.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG