Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Kollejiň adynyň üýtgedilmegine protest bildirildi


Pakistanyň demirgazygynda gyzlar, öz kollejleriniň adynyň ýaş aktiwist Malala Ýusufzaýynyň ady bilen çalşyrylmagyna garşy protest geçirdiler. Malala Ýusufzaýy “Talyban” hereketiniň söweşijisi tarapyndan atylypdy.

Çarşenbe güni, 150 töweregi talyp Malalanyň suratlaryny ýyrtyp, klaslarda boýkot geçirdiler. Olar hökümetden, demirgazyk Swat jülgesiniň esasy şäheri bolan Saidu Şarifdaky kollejiň adyny üýtgetmezligi talap etdiler.

Şol studentler, kollejleriniň ady üýtgedilen halatynda, okuw jaýlarynyň “Talyban” ekstremistleri tarapyndan nyşana alynmagyndan howatyr edýärler.

Ýerli resmiler studentlere, olaryň talaplaryny welaýat dolandyryjylaryna gowşurjakdyklaryna ynandyrandan soň, gyzlar demonstrasiýalary togtatdylar.

15 ýaşyndaky Malala, oktýabr aýynda “Talyban” tarapyndan atylandan soň, häzirki wagt britan hassahanalarynyň birinde bejergi alýar.

2009-njy ýylda Malala “BBC” telekanalynyň Urdu gullugyna, “Talyban” hereketiniň Swat jülgesindäki rehimsizlikleri barada blog ýazandan soň tanalyp başlandy.
XS
SM
MD
LG