Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan owganlaryň bosgunlyk statusynyň möhletini uzaldýar


Pakistanda owganlylaryň bosgunlyk statusynyň möhleti uzaldyldy. Ilki başda, olaryň bosgunlyk statusynyň möhleti 30-njy dekabra çenlidi. Ýöne onuň möhleti indi alty aýa çenli uzaldyldy. Bu barada Pakistanyň hökümeti habar berýär.

Pakistanyň hökümetiniň aýtmagyna görä, ýurtda 1,6 million hasaba alynan we 1 million hem hasaba alynmadyk owganly bar.

Analitikler köp owgan bosgunlarynyň Owganystandaky gazaplylykdan we pes ykdysady ýagdaýlardan howatyrlanyp, Pakistandan gitmek islemeýändiklerini çaklaýarlar.

Pakistanyň hökümeti, owganlary zor bilen çykarmajakdygyny mälim etdi.

Bosgunluk statusy bolan owgan raýatlarynda, hökümetiň ýörite beren şahadatnamasy bolýar. Olar onuň bilen öz bank hasaplaryny açyp hem-de çagalaryny mekdebe ýazdyryp bilýärler.
XS
SM
MD
LG