Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da rok ýyldyzlary ýardam konsertini geçirdiler


Dünýäniň käbir meşhur rok toparlary ABŞ-da “Sendi” harasatynda pida bolanlara kömek etmek maksady bilen, Nýu-Ýorkda konsert berdiler.

“12-12-12” atly konsert, Nýu-Ýorkyň Medison meýdançasynda geçirilip, onda “The Rolling Stones”, Alicia Keýs, Kris Martin, Billi Joel, Erik Klapton, Kanýe West and Bon Jowi dagy çykyş etdi.

Oktýabr aýynda “Sendi” harasaty ABŞ-nyň gündogar kenaryna gelende, 100-den gowrak adam heläk bolupdy.

Harasat Nýu Ýork, Nýu Jerseý, Konniktikut ýaly ýerlere zyýanyny ýetirenden soň, müňlerçe adam öýsüz galdy.
XS
SM
MD
LG