Sepleriň elýeterliligi

Moskwada “Azatlyk ýörişini” geçirmäge rugsat berilmedi


Moskwanyň häkimiýetleri şenbe güni şäherde geçirilmegi planlaşdyrylýan oppozision ýörişine rugsat bermediler. Resmiler, ýörişiň ulag gatnawyny kynlaşdyrjakdygyny öňe sürýärler.

Häkimlik tarapyndan teklip edilen goşmaça gatnawlar kabul edilmändir. Bu barada guramaçylar habar berýär.

15-nji dekabrda geçirilmegi göz öňünde tutulýan “Azatlyk ýörişi” geçen ýylky köpçülikleýin protestleriň bir ýyllygyna bagyşlanmalydy. Şol protestler geçen ýylyň dekabryndaky parlament saýlawlarynda boldy diýilýän galplyklara garşy geçirilipdi.

Guramaçylar bu ýörişe 5o müň adamyň gatnaşmagyna garaşýardy.

Käbir oppozisiýa liderleri, onuň ýerine Moskwanyň Lýubýanka meýdanyndan öňki Sowet Soýuzynyň howpsuzlyk gullugynyň merkezi KGB çenli gidip, şol ýerde Sowet repressiýasynda pida bolanlaryň mazaryna gül goýjakdyklaryny aýtdy.

Şeýle-de oppozision toparlar, şenbe güni Orsýetiň beýleki şäherlerinde-de ýörişleri geçirmegi planlaşdyrýarlar.
XS
SM
MD
LG