Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Orsýetiň, Ukrainanyň we Eýranyň wekillerine haýbat atylýar


Siriýada ukrainaly žurnalisti alyp gaçanlar, Ukrainanyň, Orsýetiň we Eýranyň Siriýadaky ilçihanalaryna hüjüm etmek bilen internet arkaly haýbat atdylar. Bu barada penşenbe güni Ukrainanyň habar beriş serişdeleri maglumat berýär.

Şeýle-de şol ýurtlaryň Siriýadaky raýatlarynyň hem howp astyndadygy aýdylýar.

Žurnalist Ankar Koçnyýewa oktýabr aýynda alnyp gaçylypdy. Žurnalisti alyp gaçan topar özüni “Azat Siriýa armiýasynyň” bir bölegi diýip atlandyrýar. “Azat Siriýa armiýasy” prezident Başar al-Assadyň režimine garşy hereketleri alyp barýar.

Geçen aý internetde ýaýradylan wideoda, Koçnyýewa özüniň Orsýetiň gizlin gullugynyň işgäridigini aýtdy we alyp gaçanlaryň talap edýän zatlarynyň ýerine ýetirilmegini sorady.

Koçnyýewanyň şeýle gürlemäge mejbur edilip-edilmändigi entek anyk belli däl. Soňra ony alyp gaçanlar öz web sahypalary arkaly, onuň azatlyga goýberilmegi üçin 50 million amerikan dollary isleýändiklerini aýtdylar.

Çarşenbe güni Ukrainanyň Daşary işler ministrligi, onuň goýberilmegi üçin Siriýa dolandyryjylaryndan kömek sorady.
XS
SM
MD
LG