Sepleriň elýeterliligi

Rim papasynyň ilkinji "twiti"


Rim papasy Benedikt 16-njy özüniň ilkinji "twitini" ýazýar. 12-nji dekabr, 2012 ý.

Rim papasy Benedikt 16-njy özüniň ilkinji "twitini" ýazýar. 12-nji dekabr, 2012 ý.

Ol Twitterde hiç kimiň twitlerini okamaýar, entek bir twit hem ýazmanka, onuň eýýäm 650 müňden gowrak twit-okyjysy bar. Rim papasy Benedikt 16-njy özüniň köpden bäri garaşylýan twitini 12-nji dekabrda öz ýazgylaryny yzarlaýanlara ýüzlenip, şeýle diýip ýazdy: "Mähriban dostlar, siz bilen Twitter arkaly aragatnaşyk gurýanlygyma şat. Seslenmeleriňiz üçin minnetdarlyk bildirýän. Ähliňize çyn ýürekden pata berýän".

Rim papasynyň Twitterdäki ady: @pontifex bolup ol Papa we köpri gurýançy diýen manyny aňladýar. Benedikt 16-njynyň jemi sekiz twit hasaby bolup, ol sekiz dürli dilde twit ýazar. Beýle etmek bilen ol 140 simwolda habar ýazylýan twitterden peýdalanýan we sanlary gün saýyn artyp barýan dini şahslaryň hataryna goşulýar.


Sosiolog şeýle hem Prinston Uniwersitetiniň tehnologiýa boýunça maglumat merkeziniň kommentatory Zeýnep Tufekçi bu tendensiýa barada şeýle diýýar: "Eger sen dini ýolbaşçy bolsaň, onda seni diňleýänlere wagyz-nesihat ýa-da hat arkaly sözüňi ýetirersiň. Bu dini liderleriň edýän işleriniň örän adaty bölegi”.

Rim papasy bu meselede Twittere geçen ilkinji dini ýolbaşçy ýa-da papa däl.

Beýlekiler

Müsüriň Koptik buthanasynyň papasy Tawadros 2-nji hem noýabr aýynyň 27-de, tagta çykarylanyndan bary-ýogy dokuz gün geçensoň, twit ýazypdy. Şondan bäri ol iňlis we arap dillerindäki nakyllary öz içine alýan 20 gowrak twit ýazdy we onuň ýazgylaryny yzarlaýanlaryň sany 15,800-den geçdi.

Bütindünýä patriarhy Bartalameý Konstantinoplyň hem twitterde hasaby bar, emma ol diňe özüniň beýanatlaryna sepleri twit edýär. ABŞ-nyň Joýs Maýers ýaly hristian-ýewangelist sözçüsi Twitterde müňlerçe okyjylary toplap bilen we ýazan twitleri retweet, ýagny giňden paýlaşylan dini ruhanylardan ýene biridir. Maýersiň 1.5 milliondan gowrak okyjysy bolup, ol köplenç öz twitlerinde injildäki goşgulary ýa-da özüniň nakyllaryny ýazýar.

Şol bir wagtyň özünde, Maýers öz okyjylarynyň sany has köp bolan syýastçylara ýa-da meşhur ýyldyzlara garanda her twitini manylyrak ýazjak bolýan dini liderleriň täze trendiniň mysalydyr.

Twitter ulanyjylarynyň täsirliligi, onuň her twite beren ünsüne, ýagny ony beýlekiler bilen paýlaşan we ony saýlanan twitleriň sanawyna goşmagyna we twiti ýazan adamy yzarlaýanlaryň sanyna görä kesgitlenilýär.

Ýakynda Joýs Maýersiň öz 1,5 million okyjylaryna ýazan twiti 3.345 gezek paýlaşyldy.

Deňeşdirmek üçin ýakynda 24.3 million yzarlaýjysy bolan prezident Barak Obamanyň Hanuka baýramçylygy barada ýazan twiti diňe 3,052 gezek paýlaşylypdy.

Beýleki dini şahsyýetleriň arasyndan ýewreý ruhanysy Şmuleý Botek "Newseek" žurnaly tarapyndan ABŞ-nyň iň täsirli 50 ruhanysynyň sanawyna girizildi. Ol twitterden özüni has köpräk tanatmak we edýän işini halka ýetirmek maksady bilen peýdalanýana meňzeýär.

Ruhany Şmuleý 26 müňden gowrak okyjylary bilen wagtal-wagtal maşgalasynyň suratlaryny we kitaplaryna we makalalaryna linkleri paýlaşýarlar. Netijede onuň twitleri twitter ulanyjylaryň baş sahypasynda seýrek peýda bolýar we ikitaraplaýyn ýazyşyk az bolýar.

Twitterde aktiw bolan dini ýolbaşçylaryň ýene biri Tibetiň sürgünlikdäki ruhany ýolbaşçysy Dalaý Lamadyr. Ol ilkinji gezek agzalýan sosial ulgama 2010-njy ýylda goşulypdy we häzir onuň 5.6 milliondan hem gowrak okyjysy bar. Dalaý Lamanyň twitleri müňlerçe gezek paýlaşylýar.

Eýranyň ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýi suratlary, press-relizlere çelgileri, dünýäde bolup geçen wakalara gysgaça garaýyşlaryny iňlis we pars dillerinde Twitter arkaly paýlaşýar.

Rim papasy ilkinji twitini özi ýazan hem bolsa, umuman, twitleri onuň özi ýazman, bu meselede orunbasarlarynyň oňa kömek etmegine garaşylýar. Papanyň twitleri ruhy meseleler, esasanam dünýä möçberindäki wakalara garaýyşlardan ybarat bolar.

Şeýle hem Benedikt 16-njy soňky hepdäniň dowamynda soralan soraglaryň saýlananlaryna we #askpontifex belligi bilen ýazylan twitleriň ýarpysyna jogap berer.
XS
SM
MD
LG