Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şwed TW-si özbek prezidentiniň gyzyny paş edýär


Gülnara Karimowanyň, çak edilişine görä, milliardlarça dollara barabar şahsy baýlygy bar.
Gülnara Karimowanyň, çak edilişine görä, milliardlarça dollara barabar şahsy baýlygy bar.
Şwesiýanyň SVT telekanaly 12-nji dekabrda şaýatlaryň özbek režiminiň çet ýurtly inwestorlardan para alýandygy barada beren görkezmelerini ile ýetirdi.

"TeliaSonera we diktatoryň gyzy" diýip atlandyrylan dokumental film düýbi Şwesiýada ýerleşýän telekommunikasiýa kompaniýasy "TeliaSonera" özbek bazaryna girmek üçin ýurduň prezidenti Yslam Karimowyň gyzy Gülnara Karimowa 250 million dollar para beripdir diýilýän aýyplamany güýçlendirjege meňzeýär.

Barlagçy žurnalist Fredrik Laurin bu dokumental filmiň "TeliaSoneradan" iki sany ýerine ýetiriji müdiriň beren görkezmelerini öz içine alýandygyny aýdýar.

Bular 2007-nji ýylda Özbegistana girmek üçin baglaşylan ylalaşyga şaýat bolupdyrlar. Bu ylalaşyga Karimowanyň telekom bazary bilen ilteşikli bir köne ýarany bilen geçirilen gepleşikler arkaly gelnipdir.

"Bu müdirler “TeliaSonera” bilen Gülnara Karimowanyň wekili Behzod Ahmedowyň arasyndaky gizlin ylalaşyga nädip gelnendigini gürrüň berýärler. Behzod Ahmedow ors telekom kompaniýasy MTS-iň Özbegistandaky öňki başlygy. Gülnara Karimowa tarapyndan beýleki telekom kompaniýalary bilen bolan gepleşiklere hem ýolbaşçylyk eden şol" diýip, Laurin aýdýar.

Şaýatlar režimiň ýüzüni açýar

Bu şaýatlardan öç alynmagyndan gorkulyp, dokumental filmde olaryň ady berilmeýär, ýüzleri hem görkezilmeýär.

Ýöne bularyň berýän görkezmeleri dünýäde iň repressiw, iň korrumpirlenen režimleriň biri hasaplanýan özbek režiminiň ýurduň bazaryna girjek bolanlarynda, çet ýurt inwestorlaryny nähili gysaja salýandygyny görkezip, onuň abraýyny gaçyrýar.

Özbek prezidentiniň gyzy Gulnara sport bilen hem meşgullanýar (surat onuň resmi twitter sahypasyndan alyndy).
Özbek prezidentiniň gyzy Gulnara sport bilen hem meşgullanýar (surat onuň resmi twitter sahypasyndan alyndy).
Özüni söwdagär we aýdymçy diýip suratlandyrýan, resmi taýdan Özbegistanyň Ženewada Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili bolup işleýän Gülnara Karimowanyň, çak edilişine görä, milliardlarça dollara barabar şahsy baýlygy bar.

"TeliaSonera" kompaniýasynyň müdirleriniň biri Ahmedowy Karimowanyň ýarany we wekili diýip suratlandyrýar: "Behzod Ahmedow Gülnaranyň agentidi. Ol onuň dosty, onuň telekom dünýäsi bilen aradaky baglanyşygydy. Ol Gülnara tarapyndan saýlanyp tutulan adamdy".

Dokumental filmde aýdylmagynä görä, 2007-nji ýylyň fewral we mart aýlarynda "TeliaSonera" kompaniýasynyň müdirleri bilen duşuşan Ahmedow bolupdyr.

Gümürtik kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk

Laurin sentýabr aýynda "TeliaSonera" kompaniýasynyň Gibraltarda ýerleşýän işi gümürtik "Takilant" kompaniýasyna bikanun suratda 250 million dollar pul berendigini dokumetleşdiren žurnalistleriň biridir.

"Takilant" kompaniýasyny dolandyrýan Karimowanyň 24 ýaşly ülpedi Gaýane Awakýan. Ol häzir Şweýsariýada pul ýuwmak boýunça alnyp barylýan derňewleriň üns merkezinde.

Şweýsariýanyň prokurorlary 600 million dollardan agdyk özbek baýlygyny, şeýle hem 4 özbegi, şol sanda Ahmedow bilen Awakýany-da derňew astyna aldylar.

Şweýsariýanyň "RTS" telekanalynyň maliýe habarçysy Ywes Steineriň aýtmagyna görä, özbek pul ýuwuşlygy barada barlaga girişilmegine Awakýanyň Ženewadaky "Lombard Odier" bankyna baryp, bir uly bank hasabyny öz ygtyýaryna geçirmäge synanyşmagy sebäp bolupdyr.

"Görnüşine görä, Behzod Ahmedow Gülnara bilen gaharlanyşypdyr. Munuň näme üçin bolandygy entek takyk belli däl. Her niçik-de bolsa, Gülnara Karimowa ýakyn durýan adamlar Ženewa baryp, bu pullary dolandyrýan indi Behzod Ahmedow däl, Gaýane Awakýan diýipdirler. Bank hem muňa geň galypdyr" diýip Steiner aýdýar.
XS
SM
MD
LG