Sepleriň elýeterliligi

Bitaraplyk baýramyna bolan garaýyşlar


Turkmenistan -- The notorious golden statue of late dictator Saparmurat Niyazov on the top of a gigantic new monument in Ashgabat, 12Dec2011

Turkmenistan -- The notorious golden statue of late dictator Saparmurat Niyazov on the top of a gigantic new monument in Ashgabat, 12Dec2011

Türkmenistanda şu ýyl Bitaraplyk baýramy geçen ýyllardaky ýaly sagalaňly bellenilmedi. 2012-nji ýylda paýtagtdaky stadionlarda öňki ýyllardaky ýaly medeniýet we sungat işgärleriniň, studentleriň gatnaşmagynda teatrlaşdyrylan çäreler hem bolmady.

Baýramçylygyň geçirilişi diňe Aşgabatda däl, eýsem beýleki welaýatlarda-da şeýle bolandygy aýdylýar. 32 ýaşly öý-hojalykçy Nargiza 12-nji dekabryň hatda baýramçylykdygyny hem duýmandygyny aýdýar.

Nargiza: “Öňki ýyllardaky ýaly men-ä şu ýyl baýramçylygy duýmadym. Diňe ýoldaşymyň işleýän edarasynda sadaka berildi bir gün öňünden, 12-si güni hem dynç alyş berildi. Howa-da şemally boldy. Men öý-hojalykçy bolamsoň, hiç ýere çykmadym”.

Nargiza Aşgabatda Bitaraplyk baýramçylygy mynasybetli stadionlarda geçirilýän çäreleriň ýatyrylmagyna oňyn baha berip, şeýle diýýär: “Howa dumanly boldy [Aşgabatda]. Beýle çäreler geçirilende, studentleri howanyň ýagdaýyna garamazdan, köýnekçe çykyş etdirýärdiler. Şonuň üçin bu ýyl Aşgabatda baýramçylygyň öňki ýyllardaky ýaly bellenilmeýänlig-ä gowy boldy”.

Nargizadan tapawutlylykda häzirki wagtda daşary ýurtda okaýan we özüni Muhammet diýip tanadan aşgabatly talyp baýramçylyk bellenilse gowy bolardy diýen pikirde: “Elbetde, öz Ata-Watanyňda ol [Bitaraplyk] esasy baýramçylyklaryň biri. Bellenilse, gaty gowy boljak, biz bolmasagam, biziň dost-ýarlarymyz belläp şatlanardy”.

Türkmenistanly talyp ýurtda bolan wagty Bitaraplyk baýramçylygynyň bellenilişini şeýle ýatlaýar: “Biz Türkmenistanda gezip ýörkäk Bitaraplyk baýramy örän gowy bellenilýärdi. Sebäbi her welaýatdan harby goşunlaram gelýärdi, Bitaraplykda parad geçirilýärdi, folklor [toparlary], talyplar her ýerlerden gelip, adaty bolşy ýaly, gowy bellenilýärdi. Salýut hem atylýardy”.

Daşary ýurtda okaýan aşgabatly talyplaryň ýene biri Azat bolsa Türkmenistanda bolan wagty Bitaraplyk baýramçylygynyň uly dabara bilen bellenişiniň ýadyna düşmeýändigini aýdýar: “Meniň ýadyma düşüşi boýunça, Türkmenistanda wagtym Bitaraplyk baýramynyň beýle bir ullakan bellenileni hiç ýadyma düşenok. Bizi mekdebimizden hem hiç ýere alyp gitmeýärdiler. 27-nji oktýabrda, ýagny Garaşsyzlyk baýramçylygynda ähli halk çykýardy bizem çykýardyk. Ýöne Bitaraplykda, arasy ýakyn bolany sebäpli bolmagy mümkin, yz ýany bilen täze ýylyň hem gelýänligi [üçin], [ony] baýramçylyk edip bellänimiz, daşaryk çykanymyz hiç ýadyma düşenok”.

Bitaraplyk güni mynasybetli uly stadionlarda geçirilýän çäreleriň bu ýyl goýbolsun edilmegine garaýşyňyz nähili diýen soraga ol şeýle jogap berdi: “Meniň garaýşym boýunça, örän gowy. Türkmenleriň “Däliniňki günde baýram, günde toý”diýen sözi bar. Ýöne baýram bolup dursa-da, gowy däl, 27-si, yz ýanynda 12-nji dekabr, soňundan – täze ýyl, soňra 19-njy fewral, yzly-yzyna baýramçylyk, geregi ýok hemmesini belläp oturmagyň. Bellenilmeli, eger adamlar dynç alyp bilseler, gowy bolar, emma uly çykdajy etmegiň geregi ýok”.

Bitaraplyk baýramçylygy uly stadionlarda geçirilmese-de, onuň paýtagt Aşgabat we welaýat merkezlerinde dürli derejelerde bellenilip geçilendigi hakda maglumatlar bar. Olardan birem Aşgabatda döwlet ýolbaşçylarynyň we daşary ýurt wekilleriniň gatnaşmagynda 11-nji dekabrda geçirilen konsertdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG