Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde resmiler Alekseý Nawalna garşy täze iş gozgadylar


Orsýetde resmiler oppozisiýa aktiwisti Alekseý Nawalna garşy täze jenaýat işini gozgadylar. Federal derňew komitetiniň anna güni beren maglumatyna görä, Nawalna we onuň dogany Olege garşy söwda kompaniýasy tarapyndan ogurlandy diýilýän 1.79 million dollarlyk iş boýunça derňew başladylypdyr.

Korrupsiýa garşy göreşýän Nawalnyý geçen ýylyň dowamynda prezident Wladimir Putiniň häkimiýetine garşy protestleri gurnapdy. Häzirki gozgalan işden başga-da, mundan öň oňa ogurlyk boýunça aýyplama bildirilipdi. Nawalnyý bulary ret edip, olaryň syýasy matlap bilen edilýändigini öňe sürýär.

Derňew komitetiniň beýanaty, şenbe güni Moskwada Putine garşy geçirilmegi göz öňünde tutulýan protestlere gabat geldi.

Nawalnyý özüniň “Twitter” hasabynda: “Olar diňe meniň bilen çäklenmek islänoklar. Olar indi meniň maşgala agzalarymyň hem yzyna düşüp başladylar” diýip, ýazgy ýerleşdirdi.

Eger-de Nawalnyý mundan öňki ýöňkelen aýyplamalar boýunça günäli tapylsa, onda oňa 10 ýyla çenli türme tussaglygynyň berilmegi mümkin.
XS
SM
MD
LG