Sepleriň elýeterliligi

HRW: Eýranda graždan jemgyýetçiligi basyş astynda


Eýranda graždan jemgyýetçiligi 2009-njy ýylda Mahmud Ahmadinejad nobatdaky gezek prezidentlige saýlanandan soň “repressiýalara” sezewar edildi, diýip adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Human Rights Watch” guramasy maglumat berýär.

Guramanyň anna güni ýaýradan täze hasabatyna görä, Ahmadinejadyň saýlawlarda ýeňiji diýlip yglan edilmegi bilen geçirilen protestlerden soň, ýurtdaky oppozisiýa syýasatçylary, adam hukuk goraýjylary we žurnalistler yzarlanmalara sezewar edilipdir.

“Human Rights Watch” guramasynyň hasabatyndan çen tutulsa, Eýranda aktiwistler “sud edilmezden jezalandyrylyp öldürilipdir, gynalypdyr”.

Guramanyň BMG-niň maglumatlaryna salgylanyp aýtmagyna görä, bosgunlyk gözleýän eýranlylaryň sany artypdyr. 2009-njy ýylda 11,500 Eýranyň raýaty bosgunlyga arza beren bolsa, 2011-nji ýylda bu görkeziji 18 müňe deň bolupdyr.
XS
SM
MD
LG