Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanda ymamlara parahorlukda aýyplama bildirilýär


Gyrgyzystanda ýurduň iki sany belli ymamyna garşy parahorluk aýyplamalary boýunça iş gozgaldy. Bu barada gyrgyz resmileri maglumat berýär.

Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň anna güni ýaýradan beýanatynda oktýarbyň aýagynda Çubak Hajy Jalilowa we Ralkhmatulla Egemberdiýewe salgyt galplyklary bilen bagly aýyplamalaryň ýöňkelendigi aýdylýar.

Egemberdiýew Gyrgyzystanyň häzikri müftüsidir. Onuň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bu ýörite matlap bilen edilen iş bolup, munuň üsti bilen şenbe güni Musulmanlar geňeşiniň ses berilişigine täsir ediljek bolunýar. Şonda Geňeşiň täze başlygy saýlanmaly.

Jalilow mundan ozal Gyrgyzystanyň baş müftüsi bolupdy. Jalilowa şu tomus galplykda we parahorlukda aýyplama bildirilenden soň, ol wezipesinden çekilipdi.

Soňky üç ýylyň dowamynda Gyrgyzystanda bäş müfti çalşyryldy.
XS
SM
MD
LG