Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Demirgazyk Kawkaz: Kabardino-Balkariýada bir söweşiji öldürildi


Demirgazyk Kawkazyň Kabardino-Balkariýa respublikasynda bir söweşiji öldürildi. Bu barada ýerli resmiler habar berýär.

Ýerli derňew komitetiniň maglumatyna görä, söweşiji anna güni polisiýanyň Elbrus etrabynda amala aşyran operasiýasynda öldürilipdir.

Mundan bir gün öň, ýagny penşenbe güni gürrüňi gidýän etrapda terroristlere garşy üç günlük operasiýa tamamlandy. Onuň dowamynda dört söweşiji we bir polisiýa işgäri öldi.

Geçen hepde Kabardino-Balkariýanyň paýtagty Nalçikde belli telewideniýe işgäri atylyp öldürilipdi.

Demirgazyk Kawkaz sebitinde, ýagny Çeçenistanda, Dagystanda, Inguşystanda we Kabardino-Balkariýada yslamçy söweşijileridigi öýdülýän toparlar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklarda her ýyl onlarça adam ölýär we ýaralanýar.
XS
SM
MD
LG