Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Siriýa babatynda pozisiýasynyň üýtgemändigini aýdýar


Orsýet özüniň bir diplomatynyň “prezident Başar al-Assad Siriýadaky gözegçiligini elden gidirýär” diýen äheňde çykyş edendigini inkär edýär.

Penşenbe güni Ýakyn Gündogar boýunça Kremliň ýörite wekili Mihaýil Bogdanowyň “Siriýada gozgalaňçylaryň 20 aýlyk konfliktde üstünlik gazanmagynyň mümkindigi” baradaky sözleri getirilipdir.

Emma, Orsýetiň Daşary işler ministrligi Bogdanowyň diňe “Moskwanyň Siriýa babatyndaky pozisiýasyny üýtgemändigini” aýdandygyny belleýär.

Orsýet BMG-niň Siriýa basyş etmek ugrundaky tagallalarynyň öňüni alyp, şeýle-de siriýa režimini ýaraglar bilen üpjün edip gelýär.

Bu aralykda ABŞ-nyň goranmak ministri Leon Panetta “Patriot” raketa hüjüminden goranyş sistemasynyň ikisini we 400 esgeri Türkiýä ugratmak baradaky görkezmä gol goýdy. Bu Türkiýäniň Siriýanyň raketalaryndan goranmagy üçin alnyp barylýan işleriň çäginde geçirilýär.
XS
SM
MD
LG