Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da dört günlük matam yglan edildi


Hüjümiň yzýany ýerli ýaşaýjylardan biri Nýutaun şäherindäki mekdebiň golaýynda öz çagasyny göterip dur. Nýutaun, 14-nji dekabr, 2012.
Hüjümiň yzýany ýerli ýaşaýjylardan biri Nýutaun şäherindäki mekdebiň golaýynda öz çagasyny göterip dur. Nýutaun, 14-nji dekabr, 2012.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama anna güni Konnektikut ştatynda 26 adamyň ölümine getiren hüjüm bilen bagly ýurtda dört günlük matam gününi yglan etdi.

Anna güni Konnektikut ştatynyň Nýutaun şäherindäki “Sandy Hook” başlangyç klaslar mekdebinde amala aşyrylan hüjümde jemi 26 adam öldi, şolardan 20-si çagalar.

Hüjümiň sebäbi belli däl

Ýerli polisiýa bu hüjümi şu şäheriň ýaşaýjysy, 20 ýaşly Adam Lanzanyň amala aşyrandygyny aýdýar. Polisiýanyň maglumatyna görä, ol okuwçylara garşy ýaragly hüjüm etmeziniň öňýany öz öýlerinde ejesini-de atyp öldüripdir.

Adam Lanzanyň ejesiniň-de şol mekdepde mugallyma bolup işländigi aýdylýar. Ýöne Adam Lanzanyň beýle hüjümi amala aşyrmagynyň sebäpleri barada häzirlikçe anyk bir zat aýdylmaýar.

Bu wakanyň yzýany CNN telewideniýesine beren interwýusynda Nýutaun şäheriniň polisiýa edarasynyň wekili leýtenant Pol Wanse ok atýan ýarag arkaly amala aşyrylan bu hüjümde ýerli mekdebiň okuwçylarynyň we mugallymlarynyň ejir çekendigini aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, bu wakada hüjümi amala aşyran Adam Lanza öz-özüni atyp öldüripdir.

Çagalar bagyny öz içine alýan bu “Sandy Hook” başlangyç klaslar mekdebinde 5 ýaş bilen 10 ýaş aralygyndaky çagalar terbiýe we bilim alýarlar.

Ilkinji waka däl

Wakanyň gözli şaýatlaryndan biri žurnalistlere beren interwýusynda bu bolan waka barada şeýle gürrüň berdi: “Ýüzi maskaly bir adam geldi-de, dessine ok atyp başlady. Men onuň nädip mekdebiň jaýyna girenini bilemok. Sebäbi her gezek mekdebe girmek üçin gapynyň jaňyna basmaly. Mekdebiň işgärleri kimiň gelendigini ofisden görüp bilýärler we seni tanansoňlar, girmäge rugsat berýärler”.

Prezident Barak Obama şu ýylyň dowamynda Oregon ştatyndaky söwda merkezinde, Wiskonsin ştatyndaky ybadathanada we Kolorado ştatyndaky kinoteatrda amala aşyrylan şuňa meňzeş hüjümleri ýatlap “Bu raýonlar biziň raýonlarymyz, bu çagalaram biziň çagalarymyz. Biz şuňa meňzeş tragediýalaryň gaýtalanmagynyň öňüni almak üçin tagallalarymyzy birleşdirmeli we netijeli hereket etmelidiris” diýip nygtady.

Şu ýylyň dowamynda ABŞ-nyň Kolorado ştatyndaky kinoteatrda amala aşyrylan şuňa meňzeş hüjümde 12 adam, Wiskonsin ştatyndaky Sikh dininiň ybadathanasynda amala aşyrylan başga bir hüjümde bolsa 6 adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG