Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-da öldürilen 26 adamyň hatyrasyna matam tutulýar


Anna güni ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama anna güni Konnektikut ştatynda 26 adamyň ölümine getiren hüjüm bilen bagly ýurtda dört günlük matam gününi yglan etdi.

Anna güni Konnektikut ştatynyň Nýutaun şäherindäki “Sandy Hook” başlangyç klaslar mekdebinde amala aşyrylan hüjümde jemi 26 adam öldi, şolardan 20-si çagalar.

Ýerli polisiýa bu hüjümi şu şäheriň ýaşaýjysy, 20 ýaşly Adam Lanzanyň amala aşyrandygyny aýdýar. Polisiýanyň maglumatyna görä, ol okuwçylara garşy ýaragly hüjüm etmeziniň öňýany öz öýlerinde ejesini-de atyp öldüripdir.

Adam Lanzanyň ejesiniň-de şol mekdepde mugallym bolup işländigi aýdylýar. Ýöne Adam Lanzanyň beýle hüjümi amala aşyrmagynyň sebäpleri barada häzirlikçe anyk bir zat aýdylmaýar.
XS
SM
MD
LG