Sepleriň elýeterliligi

Moskwadaky protest çärelerinde oppozision liderler tussag edildi


Şenbe güni Orsýetiň paýtagty Moskwada resmi taýdan rugsat berilmedik protest çäresine gatnaşanlykda aýyplanyp, tanymal oppozision blogçy Alekseý Nawalnyý tussag edildi.

Bu wakadan birneme öň, şenbe güni irden Moskwada sowet häkimiýeti ýyllarynda Gulag lagerlerinde pida bolanlaryň hatyrasyna gurlan monumente gul goýmak çäresini gurnandyklary üçin oppozisiýa liderleri Sergeý Udalsow, Kseniýa Sobçak we Ilýa Ýaşin dagylar-da polisiýa tarapyndan tussag edildi.

Orsýetiň täze kanunyna laýyklykda, rugsat berilmedik piket ýa-da demonstrasiýa çäreleri üçin uly jerimeler göz öňünde tutulýar.
XS
SM
MD
LG