Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: Täze konstitusiýa boýunça referendum geçirilýär


Şenbe güni Müsürde ýurduň täze konstitusiýasyna ses bermek boýunça ähliumumy referendumyň birinji tapgyry başlandy. Referendumyň birinji tapgyrynda ses bermäge hukukly ilatyň 26 milliondan gowragynyň ses bermegine garaşylýar.

Referendumyň ikinji tapgyry geljek hepdäniň ahyrynda geçiriler we onda 25 million töweregi raýatyň ses bermäge hukugy bar.

Prezident Muhammad Mürsi we onuň yslamçy tarapdarlary täze konstitusiýanyň demokratik prinsiplere esaslanýandygyny öňe sürýärler.

Emma Müsüriň dünýewi, liberal we hristian toparlary bu täze konstitusiýanyň çakdanaşa yslamlaşdyrylandygyny we onuň ynsan hukuklaryna berk çäklendirmeleri girizýändigini aýdyp, muny tankyt edýärler.

Soňky wagtlar täze konstitusiýanyň taslamasyna garşy Müsürde yzygiderli protest çykyşlary gurnalyp gelinýär.
XS
SM
MD
LG