Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda ähliumumy ilat ýazuwy geçirilip başlandy


Şenbe güni Türkmenistanda ähliumumy ilat ýazuwy başlandy. 26-njy dekabra çenli dowam etjek bu ilat ýazuwynyň barşynda ilatyň ýaşaýyş jaý fondy bilen baglanyşykly maglumatlar-da hasaba alnar.

Bu ilat ýazuwynyň maksadynyň Türkmenistanyň ilat sany, raýatlaryň ýaşaýyş jaý şertleri, maşgala ýagdaýy, girdeji çeşmeleri, hususy emläkleri, raýatlaryň dil başarnyklary, şeýle hem oba we şäher ilatynyň mynasybeti ýaly meseleler boýunça doly maglumat bazasyny döretmekden ybaratdygy aýdylýar.

Bu baradaky maglumatlar ilat ýazuwyny amala aşyryjy we ýörite taýýarlyk geçen meýletinçiler tarapyndan toplanar.

15-nji dekabrdan 26-njy dekabra çenli aralykda ilat ýazuwyny amala aşyrmak boýunça Türkmenistanda jemi 700 sany stasionar uçastok iş alyp barar. Türkmenistanda soňky gezek ähliumumy ilat ýazuwy 1995-nji ýylda geçirilipdi.
XS
SM
MD
LG