Sepleriň elýeterliligi

Ata Atajanow – döwrüň lirigi


Şahyr Ata Atajanowyň Aşgabadyň etegindäki öwlüýälikdäki gubury.

Şahyr Ata Atajanowyň Aşgabadyň etegindäki öwlüýälikdäki gubury.

Görnükli türkmen şahyry Ata Atajanowyň dünýä inenine 15-nji dekabrda laýyk 90 ýyl boldy. Ata Atajanow belli şahyr, publisit, prozaçy, dramaturg hem terjimeçi hökmünde 20-nji asyr türkmen edebiýatynyň ösmegine öz uly goşandyny goşdy.

Onuň ömrüniň esasy bölegi dürli okuw jaýlarynda hem jogapkärli wesipelerde geçdi. Ýöne haýsy işde bolsa-da, nirede okasa-da, çeper döredijilik Ata Atajanowyň mydamalyk hemrasyna öwrüldi. Ol köpugurly döredijilik adamsy, owaly bilen bolsa joşgunly lirik hökmünde tanaldy.

Ata Atajanowyň goşgulary goňşy halklar bilen birlikde, rus, iňlis, nemes, ispan, polýak, bolgar dillerine-de terjime edildi.

Onuň döreden “Guşgy galasy” dramasy öz döwründe ýurduň akademiki drama teatrynda üstünlik bilen goýuldy. Mundan daşary-da, ol “Men size ynanýan”, “Söýgüni har etmäň”, “Dost ýakynmy, dogan?”, “Aýzada” ýaly drama eserlerini döretdi.

Ol sazli teatr üçin librettolary hem dokumental filmleriň ssenarilerini-de ýazdy. Ata Atajanow “Çakmak”, “Öz tanyşlaryň”, “Halyň niçik, Ýaran” hem “Teke gyzy Tatýana” romanlarynyň awtory. Şonuň bilen birlikde, ol rus hem SSSR-iň düzüminde bolan beýleki halklaryň edebiýatyndan iň gowy nusgalary türkmen diline terjime etdi.

Şahyr Şiraly belli bir döwürde Ata Atajanow bilen bile işleşipdi. Ol Ata Atajanowy öz halypasy ornunda görüp geldi. Şahyr şol ynsany ýatlaýar.

Şu baradaky ýörite gepleşigi diňlemek üçin aşaky düwmä basyň:
XS
SM
MD
LG