Sepleriň elýeterliligi

Obama Orsýete garşy ulanylan “Jekson-Wanik” kanunyny ýatyrdy


Anna güni Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Orsýet we Moldowa bilen giň söwda gatnaşyklaryna ýol açýan täze dokumente gol çekdi.

Orsýet bilen söwda gatnaşyklaryny çäklendirýän we “Jekson-Wanik goşmaçasy” diýlip atlandyrylýan bu dokument sowuk urşy ýyllarynda Amerika tarapyndan şol wagtky SSSR-e garşy girizilipdi.

Bu dokumentiň güýjüni ýatyryjy täze kanuna gol çekmek bilen birlikde, prezident Obama Orsýetiň käbir resmilerine garşy çäklendirmeleri girizýän “Magnitskiý kanuny” diýlip atlandyrylýan täze bir kanuny-da tassyklady.

Bu soňky dokument 2009-njy ýylda Moskwanyň türmesinde aradan çykan ýurist Sergeý Magnitskiniň ölümine günäkär diýlip hasaplanylýan orsýetli resmilere garşy belli bir sanksiýalary göz öňünde tutýar.

Orsýetiň häkimiýetleri bu gürrüňi edilýän kanuny tankytlap, muňa jogap hökmünde Orsýetiň-de degerli çäreleri görjekdigi bilen duýduryş berdiler.
XS
SM
MD
LG