Sepleriň elýeterliligi

Bir gezek: “Ähli daş maňa degýär”


Çekeleşik karikaturasy.

Çekeleşik karikaturasy.

Ähli daş maňa degýär

Balyş Öwezow Türkmenistan Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretarlygyndan boşadylandan soňra onuň ildeşi we dosty Beki Seýtäkowy dürli bahanalar bilen ýanap başladylar.

Ony ilki Türkmenistan Ýazyjylar Birlesiginiň başlyklygyndan aýryp, “Sowet edebiýaty” (häzirki “Garagum”) žurnalynyň baş redaktorlygyna bellediler. Soňra ondanam boşadyp, Ýazyjylar Birleşigindäki iň kiçi wezipä – edebi konsultantlyga geçirdiler. Beki aga bu ýanamalary mertlik bilen kabul etdi.

Öňküsi ýaly, sähel amat dörese, ol degşip-gülüşýärdi. Şol döwürde çaý demlemek üçin suw gaýnadylýan elektrik çäýnegi gytdy. Ol Beki aganyň iş otagynda ýokdy. Seýle çäýnek şol döwürde rus dilinde neşir edilýän “Aşhabad” žurnalynda işleýän Nikolaý Zolatarýowda bardy.

Beki aga ondan:

– Kolýa, suw gaýnadan wagtyň menem çaý demleneýin– diýip, ondan haýyş edipdir.

Beki aga bilen degişmeden lezzet alýan Nikolaý:

– Ýaşuly, men ony başarmaryn. Sebäbi sen birinji gatda (etažda) oturýaň, men ikinji gatda oturýan. Her gezek aşak münüp-düşüp, saňa gaýnag suw getirmek maňa kyn düşer – diýipdir.

Ýaşuly ýazyjy oňa:

– Kolýa, aşak düşme! Suw gaýnanda, aşak daş okla,özüm ýokara çykyp, çaý demlenerin– diýipdir.

Nikolaý kejeňekligine tutupdyr:

– Ýok,ýaşuly, bu diýýäniň-de bolmaýar. Sebäbi seniň penjiräň howla tarap açylýar, meniň penjiräm köçä tarap açylýar. Her gezek suw gaýnanda saňa daş oklajak bolsam, baş redaktoryň iş otagyna gelmeli. Ondan penjiresini açmaga rugsat almaly. Beýdip başlyga ýigrenji bolup biljek däl– diýipdir.

Nikolaýdan şeýle jogaba, henek-degişmä garaşýan Beki aga jübüsinden esli daş bölegini çykaryp, oňa uzadypdyr-da:

– Kolýa jan, bilip goý, Ýazyjylar Birleşiginiň öňünden geçýän Azady köçesine oklanýan daşlar däl, Moskwa, Bagdada,Waşingtona zyňylýan daşlar-da gelip, meniň şu çal kelläme degýär – diýipdir.

***

Adam sypaty

Bir gezek Ýazyjylar Birleşiginde geçirilen ýygnaga ýazyjy Hojanepes Meläýew biraz gijä galyp geldi. Hojanepese bir zat diýip degişmese, çöregini gury iýýäne dönýän Anna Kowusow oňa:

– Gijä galyp geleniňe, bar, bolýan zat diýeli, ýöne sypatyň dagy nähili, tüýs maýmyna meňzäp dursuň! Sende adam sypaty galmandyr– diýip, onuň çetine degmek isledi.

Anna Kowusyň sözüne iki-ýeke gülen tapyldy. Hojanepesem ondan kem galmady:

– Aýdýan zadyň dogry bolmagy ahmal, seň bilen tirkeşip başlalym bäri adam sypatymyň galmandygyny özümem aňýan – diýdi.

Hojanepesiň jogabyna hemmeler güldi. Iň uzak gülen Anna Kowus boldy.

***

Öýüni göçüräýsin

Balkanly belli ýomakçy, şahyr Pyhy Tagan paýtagta gelende ony 6-7 ýazyjy bolup tagam başynda diňlemek däbe öwrülen bir ýagdaýdy. Bir gezek Pyhy dädäni öýüme myhmançylyga çagyrdym. Galamdaş dostlarymyň-da 5-6-syna “Işden soňra öýe geliň, nahar başynda Pyhy dädäni diňläliň!” diýdim.

Pyhy dädäni diňläp, gyzyl-gyran gülüşip oturşymyza gijäniň bir çene barandygynam duýmandyrys. Gije ýaryndan soňra dargadyk. Men ertesi gün irden
işe hökman gitmelidim. Işe ugramazymyň öňüsyrasy inilerimiň birine:

– Pyhy dädä “Agam haçan turjak? Yzyňdan maşyn ibermelimi?” diýip, soraýar diý!– diýdim.

Ol meniň sözüme başgaça düşünipdir. Ol Pyhy dädä:

– Agam size tur diýýär! – diýipdir.

Gijeki gürrüňdeşlikde mazaly ýadan goja şahyr:

– Amanmyrada aýt, men günortana çenli turjak däl. Öýüni gysganýan bolsa, onda ony üstümden göçüräýsin– diýipdir.

Toplan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG