Sepleriň elýeterliligi

Peşawaryň aeroportunyň golaýyndaky operasiýada 5 söweşiji öldi


Ýekşenbe güni Pakistanyň polisiýasy Peşawar şäherinde geçirilen operasiýada bäş sany ýaragly söweşijiniň öldürilendigini mälim etdi.

Bu wakadan bir gün ýaragly söweşijiler Peşawar şäheriniň aeroportuna hüjüm edipdiler. Wakada azyndan dört sany parahat ýaşaýjy öldürilipdi.

Şol hüjümiň yzy bilenem polisiýa bu aeroportuň golaýyndaky bir gurluşyk obýektiniň töwereginde ýörite operasiýa geçirdi.

Polisiýa aeroporta hüjüm eden söweşijileriň şol ýerde gizlenendigini we birnäçe sagada çeken atyşykda bäş sany söweşijiniň öldürilendigini habar berdi. Bu wakada bir polisiýa işgäriniň-de ölendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG