Sepleriň elýeterliligi

Barak Obama 26 adamyň öldürilen mekdebine sapar etdi


Ýekşenbe güni ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Konnektikut ştatynda 26 adamyň öldürilen mekdebine sapar etdi.

Obama bu wakanyň bolan ýeri bolan Nýutaun şäherinde matam çäresine gatnaşmaklygy hem-de hüjümde pida bolanlaryň maşgala agzalary bilen duşuşmaklygy-da planlaşdyrýar.

Nýutaun şäheriniň häkimiýetleri ýerli mekdepde amala aşyrylan hüjümiň pidalarynyň anyk atlaryny we ýaşlaryny yglan etdi. Öldürilen 20 çagadan 12-si oglan, 8-si gyz. Olaryň hemmesem 6 we 7 ýaş aralygyndaky çagalar. Wakanyň pidasy bolan beýleki 6 sany uly ýaşly mekdep işgäriniň ýaşy 27 bilen 56 ýaş aralygynda.

Anna güni Konnektikut ştatynyň şu Nýutaun şäherindäki “Sandy Hook” başlangyç klaslar mekdebinde amala aşyrylan hüjümde jemi 26 adam ölüpdi, şolardan 20-si çagalar. Ýerli polisiýa bu hüjümi amala aşyran 20 ýaşly Adam Lanzanyň öz-özüni atyp öldürendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG