Sepleriň elýeterliligi

Žanaözen: Ganly waka bir ýyl boldy


Gazagystanyň Uralsk şäherinde ýerli aktiwistler Žanaözen wakasynyň pidalarynyň hormatyna pikete çykdylar. Uralsk, 16-njy dekabr, 2012.

Gazagystanyň Uralsk şäherinde ýerli aktiwistler Žanaözen wakasynyň pidalarynyň hormatyna pikete çykdylar. Uralsk, 16-njy dekabr, 2012.

Ýekşenbe güni Gazagystanyň Žanaözen şäherinde 16 sany protestçiniň atylyp öldürilmegi bilen baglanyşykly bolan waka dogry bir ýyl boldy.

2011-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Gazagystanyň Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp gurnalan demonstrasiýada polisiýa işgärleriniň atan okundan azyndan 16 adam ölüp, 100-den gowrak adam ýaralanypdy.

Bu demonstrasiýa aglaba öz aýlyk haklaryndan nägile hem-de işlerinden boşadylan nebitçiler tarapyndan gurnalypdy.

Adamlaryň hakydasyndan çykanok

Şu günki gün Žanaözen şäheriniň merkezindäki köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň köpüsiniň durky mundan bir ýyl ozalkysy bilen deňeşdirilende has gowy görünýär. Olaryň käbirlerine remont edilen, käbirleri has açyk reňkler bilen reňklenen.

Emma, şäheriň bu daşky durkuna garamazdan, ýaşaýjylaryň köpüsiniň keýpi, aglaba, ozalkysyndan kän bir üýtgemedik.

Wideo: 2011-nji ýylyň 16-njy dekabrynda bolan ok atmalary görkezýän wideo ýazgy

Şäheriň üçünji raýonynda azyndan 16 adamyň ölümine getiren şol wakany bu ýerdäki jaýlaryň biriniň penjiresinden synlan ýerli dükançy bu wakany unudyp bilmeýän ýerli ýaşaýjylardan biri.

Jaýyň birinji gatynda dükançy bolup işleýän bu ýaşaýjy protestçilere garşy ok atmalarda adamlaryň bir ýykylyp, bir aýak üstüne galyp, ýene ýykylýandyklaryny öz gözi bilen görendigini aýdýar.

Beýleki ýerli ýaşaýjylar ýaly öz adynyň agzalmagyny islemedik ýene bir ýerli ýaşaýjy: “Biz polisiýanyň sözüň göni manysynda adamlara garşy edil ýagyş ýagdyran ýaly ok ýagdyrandygyny öz gözümiz bilen gördük” diýip, gürrüň berýär.

Wakanyň gözbaşy we netijeleri

Bu gürrüňi edilýän demonstrasiýa Gazagystanyň bu günbatar regionynda ýerli işçileriň birnäçe aýlap gurnan demonstrasiýasynyň özboluşly bir kulminasiýasy bolupdy.

Žanaözen we Aktau şäherinde ýaşaýan ýerli nebitçiler şondan bir ýyl ozal maý aýynda aýlyk haklarynyň ýokarlandyrylmagyny we iş şertleriniň gowulandyrylmagyny talap edip, iş taşlaýyşlyk yglan edipdiler. Ýöne bu protest çykyşlary adamlaryň ölümine getirjek pajygaly waka öwrüler diýip hiç kim garaşmandy.

Aktau şäheriniň ýaşuly ýaşaýjysy Adil Jumalyuly Žanaözendäki waka boýunça adalatlylygyň dabaralanjakdygy barada hökümetiň beren wadasynyň boş söz bolup galandygyny aýdýar.

“Bolan wakanyň jogapkärçiligini öz boýunlaryna almaga häkimiýetleriň gaýraty çatmady. Biz ölenleri indi yzyna getirip bilmeris. Emma olara garşy ok atan adamlar öz jezalaryny çekenoklar. Biziň adamlarymyzyň 30-dan gowragy türmä basyldy. Hökümet olara amnistiýa yglan etmeli” diýip, Adil Jumalyuly belledi.

Žanaözen wakasyndan soňky geçen bir ýylyň dowamynda Gazagystanyň häkimiýetleri köpsanly syýasy we oppozision aktiwistleri tussag etdiler, şeýle hem köp garaşsyz media serişdelerini ýapdylar.

Bu ýyl häkimiýetler Žanaözen şäherinde Garaşsyzlyk güni bilen baglanyşykly çäreleri-de gadagan etdiler.
XS
SM
MD
LG