Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bitaraplyk güni: Mejbury watançylyga näme bolýar?


Türkmenistanda ýurduň bitaraplyk statusy henizem Türkmenistanyň ozalky prezidenti S.Nyýazowyň “parasatly syýasatynyň miwesi” hökmünde wagyz edilýär.
Türkmenistanda ýurduň bitaraplyk statusy henizem Türkmenistanyň ozalky prezidenti S.Nyýazowyň “parasatly syýasatynyň miwesi” hökmünde wagyz edilýär.
Türkmenistan 12-nji dekabrda öz öňyn Bitaraplyk durumynyň 17 ýyllygyny baýram etdi. Bu gezekki Bitaraplyk gününiň adatdakylardan biraz üýtgeşik geçirilendigi aýdylýar.

Aýdaly, geçen ýyl Bitaraplyk güni bellenende, Aşgabadyň “Aşgabat” stadionynda uly dabara guralyp, oňa 20 müň çemesi tomaşaçy toplanan bolsa, bu ýylyň 12-nji dekabrynda “Aşgabat” stadionynda hiç bir dabara geçirilmändir.

Dogrusy, bu ýyl şeýle dabaranyň bolmajagy, stadiondaky taýýarlyk işleriniň togtadylandygy öňünden belli boldy. Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary bu barada öz wagtynda resmi çeşmelere salgylanyp habar berdiler. Mundan başga, düýbi Wenada ýerleşýän “Türkmen inisiatiwasy” topary hem Bitaraplyk güni stadion dabaralarynyň bolmajagyny habar berdi.

“Türkmenistanyň hronikasy” neşiriniň Aşgabatdaky stadion dabarasyna taýýarlyk mahalynda iki sany studentiň heläk bolandygy baradaky habary iňlis dilindäki neşirlerde hem çap edildi.

Ikinji tarapdan, ýerli synçylaryň käbiriniň pikirine görä, Bitaraplyk baýramynda stadion dabarasynyň ýatyrylmagy Türkmenistanda syýasatyň üýtgeýändigini, ýurduň halkara abraýyny gowulandyrmak ugrunda indi biraz başgaça alada edilýändigini hem aňladyp biler.

Umuman, bu meselede bir topar çaklama orta atylýar we “Bu nämäniň alamaty bolup biler?” diýen sorag köp derejede jogapsyz galýar.

Azatlyk Radiosynyň bu gezekki “Tegelek stol” söhbetdeşliginde “Türkmenistan uly şowhunly toý-baýram etmek, ilaty köpçülikleýin çärelere gatnaşdyrmak syýasatyndan yza çekilýärmi?” diýen soraga jogap tapmaga çalşylýar.

Söhbetdeşlige Aşgabatdan ýerli synçylar Aşyrguly Baýryýew, Nurberdi Nurmämmedow, Şwesiýadan Türkmenistanyň parlamentiniň ozalky deputaty Halmyrat Söýünow gatnaşýar.

Şu “Tegelek stol” gepleşigini diňlemek üçin aşaky düwmä basyň:
XS
SM
MD
LG