Sepleriň elýeterliligi

H.Klinton saglyk ýagdaýy sebäpli daşary ýurt saparlaryny ýatyrdy


Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klintonyň öz saglyk ýagdaýy sebäpli şu geljek hepdäniň duşenbe gününe planlaşdyran daşary ýurt saparlaryny ýatyrandygyny mälim etdi.

Hillari Klinton duşenbe güni Demirgazyk Afrika we Pars aýlagy ýurtlaryna tarap ýola düşmelidi.

Maglumata görä, aşgazan wirusy bilen kesellän Hillari Klinton şu geçen hepde huşundan gidipdir we belli bir derejede beýni sarsgynyny başdan geçiripdir.

Döwlet departamentiniň resmileri onuň saglygynyň indi gowulaşýandygyny we onuň geljek hepdäniň dowamynda öz öýünden iş alyp barjakdygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG