Sepleriň elýeterliligi

Ömür, aýralyk we aýralykdaky dirilik barada


Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly.

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly.

Ömür

Ömür ýukajyk bulgur –
Gaçyrmajak bolmaly.
Ne çyrasyn, ne şemin
Öçürmejek bolmaly.

Ömür kim üçin sowlan,
Kim üçin gyzan bazar.
Öňi toý bilen başlap,
Soňy perýada ýazar.

Ömür däli harasat –
Garşysyna gitme ýok.
Ol satuwlyk haryt däl –
Bahasyna ýetme ýok.

Ömür ilkinji söýgi,
Wepalylyk talaby.
Türkmen pereňňi däl-ä
Diýer ýaly “Selawi!”

Ömür kim üçin bahar,
Ol kim üçin gara gyş.
Siňe seret depäne
Kepderimi, gara guş!

***

Baglar bar abraýyn dökdüler sensiz,
Bulutlar gar bolup çökdüler sensiz,
Sensiz öz-özüni asdy şagalaň –
Isle ýer ýumrukla, isle çabalan!

Ölseň ýeriňkidiň, ölmeseň – meňki.
A eriň dört gezek üýtgedi reňki!
Süýndi ykmanda ýel dilini sallap,
Geçdi ýolagçy ýyl elini salgap.

Suwdan çykarylan balyga döndüm,
Dyza çökerilen şalyga döndüm.
Gijeler bir ýyllap gysgalmadylar,
Dostlar göwünligni gysganmadylar.

Bir semiz kalendar gutardy igläp,
Aglardan giç bu gün, gülerden irräk.

***

At kimin ýaryşa goşulan ýyllar,
Deň aýak gopmaz eken.
Ýaşaýşyň gadryny bilmedik adam
Ajaldan gorkmaz eken.

Ölümden gorkmadyk nämeden gorkar?!
Haýsy işden çekiler?!
Adam näçe ejir çekse açlykdan,
Guşak şonça çekiler.

Beýle bir geň zat däl durmuş diýeniň,
Özümiz geň ýaşaýas.
Biziň üçin niýetlenmedik belende
Dyzap-dyzap, ýadaýas.

Beter süýji bormuş gadagan miwe.
Başga bormuş lezzeti.
Keýp çekip bolýarka gysga ömürde
Kim çekjekmiş ezýeti!

Adam öz ömrüniň çig miwesini
Irräk ýolanokmykan?!
Keseki ykbala burnuňy sokman
Ýaşap bolanokmykan?!
XS
SM
MD
LG