Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Barak Obama ölenleriň ýakynlaryna duýgudaşlyk bildirdi


ABŞ-da prezident Barak Obama anna güni mekdepde atylyp öldürilen 26 adamyň maşgala agzalaryna özüniň duýgudaşlygyny bildirdi. Gürrüňi gidýän wakalarda, alty bilen ýedi ýaş aralygyndaky 20 çaga hem öldürilipdi.

Obama ýekşenbe güni Nýutownda eden çykyşynda ABŞ-nyň öz çagalaryny goramak üçin ýeterlik tagalla etmeýändigini, şeýle-de ýurtda ýaraglara bolan garaýşyň üýtgedilmelidigini aýtdy.

Ol: “Biz eýýäm bulara göz ýumup bilmeris. Bu tragediýalaryň soňy gelmelidir. Bulary togtatmak üçin hem, özgerilşikleri amala aşyrmalydyrys. Bolup geçýän bu wakalaryň çylşyrymly sebäpleri bolup biler. Hiç bir ýeke kanun, kanunlar toplumy dolulygyna elhençlikleriň ýa-da rehimsiz ganhorlugyň öňüni alyp bilmezler. Emma bu gol gowşuryp oturmak üçin bahana bolup bilmez”.

Şeýle-de prezident Obama ölen adamlaryň maşgala agzalary bilen şahsy duşuşyklary geçirdi.

Polisiýa gyrgynçylygy 20 ýaşly Adam Lanzanyň edendigini tassyklady. Hukuk goraýjy edaranyň maglumatyna görä, Adam Lanza gyrgynçylyga başlamazdan ozal, ejesini, soňundan hem özüni atyp öldüripdir.
XS
SM
MD
LG