Sepleriň elýeterliligi

Eýranda Rafsanjaniniň ogly azatlyga goýberildi


Eýranda ozalky prezident Akbar Haşemi Rafsanjaniniň ogly, tussaglykda iki aý töweregi wagt geçirenden soň, azatlyga goýberildi.

Tähranyň prokuraturasynyň beren maglumatyna görä, Mehdi Haşemi, girewine pul goýlandan soň, ýekşenbe güni tussaglykdan çykarylypdyr.

Haşemi sentýabr aýynda Tährana gelenden soň, tussag edilipdi. Ol 2009-njy ýyldaky dawaly saýlawlardan soň, ýagdaýlary durnuksyzlaşdyrmakda aýyplanypdy. Haşemi soňky üç ýyly Britaniýada geçiripdi.

Häzirki wagt Rafsanjaniniň gyzy, Faezeh, hökümete garşy propogandany ýaýratmakda aýyplanyp, alty aý türme tussaglygynda otyr.
XS
SM
MD
LG