Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Koreýa: Kim Çen Iryň aradan çykmagynyň bir ýyllygy hatyralandy


Demirgazyk Koreýada, ýurduň ozalky baştutany Kim Çen Iryň aradan çykmagynyň bir ýyllygy hatyralandy. Munuň bilen baglylykda, ýurtda üç minutlyk dymyşlyk hem yglan edildi.

Kim Çen Ir 2011-nji ýylyň 17-nji dekabrynda ýürek näsazlyklary sebäpli, aradan çykypdy. Mundan soň ýurduň baştutanlygyna, onuň ogly – Kim Jong Un geçdi.

Şeýle-de Kim Çen Iryň hatyrasyna geçirilen çäreleriň dowamynda, Phenýangyň geçen hepde uçuran raketasy hem şöhratlandyryldy.
XS
SM
MD
LG