Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Gazagystanyň ýedi raýaty türmä höküm edildi


Türkmenistanda türmeleriň biri
Türkmenistanda türmeleriň biri

Türkmenistanda gazagystanly ýedi raýatyň sud edilip, berk režimli koloniýada türme tussaglygyna höküm edilendigi habar berildi. Habar agentlikleriniň maglumatlaryna görä, sud 3-nji dekabrda Türkmenbaşy şäherinde geçirilipdir.

Sud edilmegi

Şu ýylyň oktýabr aýynyň aýagynda Türkmenistanda tussag edilen gazagystanly ýedi adamyň biri sekiz ýyl türme tussaglyga, beýleki alty adam ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir.

Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda bu maglumaty tassykladylar, emma goşmaça maglumat bermediler.

Sud prosessi “tiz we berk boldy”, diýip Gazagystanyň Tengrinews agentligi tussaglaryň biriniň aýal doganyna salgylanyp habar berdi. Türkmenistanda tussag edilen Gazagystanyň raýatlarynyň nämede günäli tapylandygy barada resmi maglumat berilmedi.

Ele salynmagy

Habar çeşmeleri Gazagystanyň bu ýedi raýatynyň 19-njy oktýabrda Türkmenistanyň serhetinden bikanun geçmek bilen baglylykda tussag edilenligini we olaryň dördüsiniň Gazagystanyň Migrasiýa gullugynyň işgärleri bolup, galanlaryň ýönekeý raýatlardygyny habar beripdi.

Käbir habar çeşmelerinde bu tussag edilen adamlaryň ýanyndan ýarag tapylandygy hem aýdylypdy.

Resmi maglumat

Şol waka bilen baglylykda 25-nji oktýabrda geçirilen ýörite metbugat konferensiýasynda Gazagystanyň Mangystau welaýatynyň Içeri işler departamentiniň metbugat sekretary Kaýrat Otebaý tussag edilen bu ýedi adamdan dördüsiniň şu welaýatyň Karakiýan etrabynyň milisiýa işgärleridigini tassyklap, olaryň bikanun migrantlary we käbir jenaýatçylary gözlemek üçin serhetýaka zonasyna ýörite komandirowka bilen ýollanandyklaryny aýdypdy.

“19-njy oktýabrda, takmynan, sagat 10:00-da bu polisiýa işgärleri serhet ýakadaky Bulaşak stansiýasyna barypdyrlar. Şol Bulaşak serhet zastawasyndan hem olar Buget zastawasyna tarap ýola düşüpdirler. Bu iki zastawanyň arylygy 70 kilometr. Ýol salgysyny alyp, polisiýa işgärleri sagat 11:10 töwereginde Buget zastawasyna tarap ugapdyrlar. Şol aralykda-da olar azaşypdyrlar. Üstesine, şol raýonda serhet zastawalarynyň belgileri-de ýok eken” diýip, Kaýrat Otebaý žurnalistlere gürrüň berdi.

Şonda Kaýrat Otebaý gazagystanly bu dört polisiýa işgäriniň ýanynda ýene üç sany ýerli gazak ýaşaýjysynyň nähili ýagdaýda peýda bolandygy, şeýle hem olaryň ýanyndan nähilidir bir ýaragyň tapylyp-tapylmandygy barada žurnalistleriň beren soragyna jogap berip bermändi.

Gazagystanyň bu raýatlarynyň oktýabr aýynda Türkmenistanda tussag edilip, dekabryň başynda sud edilendigi barada türkmen tarapyndan resmi maglumat berilmedi.

XS
SM
MD
LG