Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda gazaplylykda azyndan 19 adam öldi


Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda ýüze çykan gazaplylykda, azyndan 19 adam öldi.

Duşenbe güni Jamrud şäherinde amala aşyrylan ulag partlamasynda, azyndan 16 adam öldi, başga-da onlarçasy ýaralandy.

Häzirlikçe bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.

Kuetta şäherinde ýaragly adamlar welaýat häkimliginiň metbugat wekilini we iki polisiýa işgärini öldürdiler.
XS
SM
MD
LG