Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: Ilat ýazuwy dowam edýär


Ilat ýazuwynyň başlanandygy barada SMS arkaly hem habar edildi.

Ilat ýazuwynyň başlanandygy barada SMS arkaly hem habar edildi.

Türkmenistanda 15-nji dekabrda ýurtda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna girişildi. Şol gün bu barada SMS arkaly mobil telefonlaryň eýelerine ýörite habar hem iberildi. Şu günler, howanyň sowukdygyna garamazdan, eli Ilat ýazuwynyň nyşany çekilen portfelli, döşlerine öz suraty ýelmenen tarketkaly hasapçylar öýme-öý aýlanyp, ýurduň ilatyny hasaba alyp başladylar.

Ýazuwçylar her öýüň gapysyndan iki adam bolup gelýärler. Olaryň arasynda bu çäräniň dogry we öz wagtynda geçirilmegine jogapkär - Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işgärleri-de, bu işe wagtlaýynça çekilen mugallymlar-da, saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri-de, etrap häkimlikleriniň we geňeşleriniň wekilleri-de, beýleki dürli hökümet edaralarynyň işgärleri-de bar.

Hasapçylar sagat 8.00-dan tä 21.00-a çenli işlemeli. Hasapçylaryň hersine ýörite uçastoklar paýlanyp berilýär. “Herimiz 200-den gowrak hojalyga aýlanmaly. Eger-de öýde adam bolmasa ikinji gezek baryp, ýazuw geçirmeli” diýip, efirde adynyň tutulmagyny islemedik, paýtagtyň orta mekdepleriniň birinde mugallym bolup işleýän hasapçy aýdýar.

Soraglar

Hasapçylar ilki bilen ýaşaýyş jaýynyň kime degişlidigini, näçe otagdan ybaratdygyny, onda näçe adamyň ýaşaýandygyny, ýaşaýyş jaýynyň umumy meýdanyny, krantdan suw içilýändigini ýa-da suwuň başga ýerden getirilýändigini, gyzgyn suwyň bardygyny ýa-da ýokdugyny, ýylaldyş sistemasynyň işleýşini sorap, bu baradaky maglumaty ýörite ýazuw kagyzlaryna geçirýärler.

Soň hasapçylar ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan adamlaryň her haýsynyň doglan senesi we ýeri, jynsy, ýaşy, raýatlygy, milleti, haýsy dilleri bilýändigi, bilimi, maşgala ýagdaýy, çagalarynyň sany, iş bilen üpjünçiligi, girdeji çeşmeleri ýaly soraglaryň hem jogaplaryny ýazuw kagyzlaryna ýazýarlar.

Bellemeli zat raýatyň nirde ýazgy edilendigi barada sorag berilmeýär. “Bize hiç hili resminama soramaly däl diýip aýtdylar. Eger-de, adam bir ýerde bir ýyldan gowrak wagtlap ýaşaýan bolsa, ol şol ýerde hemişelik ýaşaýan hökmünde hasaplanýar. Bir ýyldan az bolsa, onda wagtlaýyn ýaşaýar diýlip hasaplanýar” diýip, efirde adynyň tutulmagyny islemedik Ilat ýazuwyna hasapçy hökmünde gatnaşýan mugallym gürrüň berýär.

Ynamsyz garaýyşlar

Häzirki geçirilýän ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy barada ilat arasynda düşündiriş işleriniň geçirilendigine garamazdan, adamlaryň käbirleri bu ýazuwa şübheli garaýarlar.

Munuň şeýledigini efirde adynyň tutulmagyny islemedik hasapçy mugallym hem tassyklaýar: “Käbir adamlar berilýän soraglara jogap bermäge ýaýdanýarlar. Mysal üçin, daşary ýurtlarda okaýan ýa-da işleýän garyndaşlary barada sorag bereniňde, olar “soň oňa hiç zat bolmazmy?” diýip soraýarlar. Propiskasyz ýaşaýanlar hem soraglara jogap bermäge çekinýärler.”

Aşgabadyň ýaşaýjysy, 53 ýaşly Rüstem Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde, raýatlaryň berilýän soraglara şübheli garamagynyň käbir sebäpleriniň bardygyny aýdyp, “Meniň oglum daşary ýurtda işleýär. Hasapçylaryň bu baradaky soraglaryna jogap berdim. Emma indi howatyrlanmanam duramok” diýdi.

Ýöne şol bir wagtda hem bu ýazuwdan soň özleriniň gündelik ýüzbe-ýüz bolýan problemalarynyň çözülmegine häzirki geçirilýän ýazuwyň ýardam etjekdigine umyt bilen garaýanlar-da bar.

Hususan-da, ýazuw anketlarynda ilata hödürlenýän kommunal hyzmatlaryň ýagdaýy baradaky soraglaryň bolmagy paýtagtlylaryň käbirlerinde şol ýagdaýlar bilen bagly ýüze çykýan meseleleriň çözüljekdigine umyt döredýär.

“Şu ýazuwdan soň ýolbaşçylar paýtagtyň kommunal hojalygynyň gözgyny ýagdaýyna göz ýetirseler gerek. Sowet döwründe gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň köpüsinde krantdan suw içer ýaly däl. Ýyladyş sistemasy bolsa işlänok” diýip, paýtagtyň Parahat mikroraýonynyň ýaşaýjysy 62 ýaşly Toýly aga aýtdy.

15-nji dekabrda başlan Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdatutma ýazuwy 26-njy dekabra çenli dowam eder. Ilat ýazuwyny amala aşyrmak boýunça Türkmenistanda jemi 700 sany stasionar uçastok iş alyp barýar.

Şeýle-de, şu ýylyň 1-nji dekabryndan tä 31-nji dekabryna çenli aralykda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň merkezi edarasynda we onuň sebitleýin statistika edaralarynda “gyssagly jaňlar” telefon aragatnaşygy hereket edýär.

“Gyssagly jaňlar” arkaly raýatlar uçdantutma ilat ýazuwy bilen baglanyşykly özlerini gyzyklandyrýan sowallar baradaky maglumatlary alyp bilýärler.

Türkmenistanda Ilat ýazuwy iň soňky gezek 1995-nji ýylda geçirilipdi. Şonda Türkmenistanyň ilatynyň jemi sanynyň 4 million 483 müň adama barabardygy habar berlipdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG