Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda gazaplylykda ençeme adam öldi


Pakistanyň demirgazyk-günbatar regiony Jamrudda partlan bombada ençeme adam öldi. 17-nji dekabr, 2012 ý.

Pakistanyň demirgazyk-günbatar regiony Jamrudda partlan bombada ençeme adam öldi. 17-nji dekabr, 2012 ý.

Pakistanyň demirgazyk-günbatar regiony Jamrudda partlan bombada we dini bölünişikler bilen baglanyşykly atyşyklarda azyndan 22 adam öldi.

Duşenbe güni Jamrudda bir maşynda goýlan bomba partlanda, azyndan 16 adam ölüp, şol ýakynda, bir awtobus duralgasynda duran onlarça adam hem ýaralandy.

Şaýatlaryň sözleri

Bu wakany öz gözi bilen gören Abdul Malik ony şeýle suratlandyrdy: "Partlamada bir güýçli gümpüldi bolup, dumly-duşa gara tüsse ýaýrady. Adamlar gaçmaga başladylar. Men gorkudan ýaňa näme bolanyny bilemok. Biz birnäçe oglany gördük. Olaryň käbiri elini, käbiri hem aýagyny ýitiren eken. Olary maşyn bilen keselhana alyp gitdiler".

Ýene bir şaýat Fazle Amin gelen ses gulagyňy gapyp barýardy diýýär: "Birden bir güýçli gümpüldi boldy. Meniň otdan başga gören zadym ýok. Biz ölen we ýaralanan adamlary öz elimiz bilen daşary çykardyk. Ot şu wagt hem bar. Ençeme ulag ýandy. Gulagymyz henizem doly açylanok".

Jamrudyň keselhanasyndaky doktorlaryň biri Sameen Jan Şinwariniň aýtmagyna görä, ölenleriň azyndan dördüsi owganystanly aýallar. Wakanyň bolan ýerinde olaryň pasportlary tapylypdyr.

Şinwari 5 ýaşly bir owganystanly gyz bilen 6 ýaşly iki sany pakistanly oglanyň hem ölendiklerini aýdýar.

Entek bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan adam ýa gurama ýok.

Başga bir hüjüm

Ýurduň günortasynda ýerleşýän Kuetta şäherinde hem ýaragly adamlar welaýat hökümetiniň bir sözçüsini hem-de iki polisiýa işgärini öldürdiler.

Hüjümçiler şaýy mezhepli Hadim Hussein Nurini maşynyny wagtlaýyn duralgada goýjak bolup durka, atyp öldürdiler. Ýerli polisiýa edarasynyň başlygynyň aýtmagyna görä Nura edilen hüjüm din bilen bagly.

Häkimýetleriň aýtmagyna görä, eli ýaragly adamlar motosiklli gaçyp barýarkalar iki polisiýa işgärini öldürip, ýene birini-de ýaralapdyrlar.

Bu ot açyşlygyň jogapkärçiligini entek öz üstünä alan ýok.

Bu regionda dini sebäplere görä ozal hem ençeme adam öldürildi. Bu ýerde radikal sünniler tarapyndan şaýylar nyşana alynýar.

Bu ýerde onlarça ýyl bäri Buluç milletçileriniň hem gozgalaňy barýar. Olar köpräk özerklik, we reiondaky nebit-gazdan gelýän girdejiden özlerine ulurak paý berilmegini talap edýärler.
XS
SM
MD
LG