Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Howanyň sowamagy sebäpli 18 adam öldi


Ukrainada sowuk howa sebäpli 18 adam öldi. Bu barada Ukrainanyň saglygy saklaýyş resmileri habar berýär.

Käbir ýerlerde güýçli gar ýagyp, howanyň temperaturasy -10 gradusdan hem geçdi.

Diňe şu aýyň dowamynda, 12 adam köçelerde, üç sanysy hassahanada we üç sanysy hem öýünde ýogalypdyr.

Ministrlik 130-dan gowrak adamyň gipotermiýa, ýagny bedeniň temperaturasynyň aşak düşmeginden bejergi alýandygyny we olardan 100 sanysynyň keselhana ýerleşdirilendigini mälim etdi.

Ukrainada geçen gyş hem ençeme adam sowuk zerarly ölüpdi.
XS
SM
MD
LG