Sepleriň elýeterliligi

Bahreýn: Polisiýa protestçilere garşry göz ýaşardyjy gazy ulandy


Bahreýniň howpsuzlyk güýçleri, paýtagt Manamada ýüze çykan protesti togtatmak üçin göz ýaşardyjy gazy ulandy.

Protestlerde 25 adam, şol sanda belli hukuk goraýjy aktiwist Ýusuf al-Muhafda hem tussag edildi. Bu barada aktiwistler habar berýär.

Duşenbe güni ýüzlerçe adam, 1990-njy ýyllarda ölen iki aktiwisti hatyralamak üçin, şäheriň etrap bazaryna ýygnandylar.

Geçen ýyl Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň käbirlerinde “Arap bahary” diýlip atlandyrylan gozgalaňlar bolupdy. Şonda, Bahreýnde hem demokratik hereketler ýüze çykyp, şondan bäri hem ýurtda syýasy dartgynlylyk dowam edýär.

Gürrüňi gidýän protestler Bahreýnde köpçülik bolup ýaşaýan şaýy musulmanlary tarapyndan geçirildi. Olar sünnileriň häkimiýetinde syýasy hem-de ykdysady bähbitlerinden gyrakladylýandygyny aýdýarlar.

2011-nji ýylyň fewralyndan bäri, tolgunşyklarda 55-den gowrak adam heläk bolupdy.
XS
SM
MD
LG