Sepleriň elýeterliligi

“Dünýäniň iň garry adamy” titulyna ýaponiýaly eýe boldy


Ýaponiýaly 115 ýaşly adam “Dünýäniň iň garry adamy” diýlip yglan edildi. Mundan öň bu titul, ABŞ-ly bir zenana degişlidi.

Kýoto sebitinde ýaşaýan Jirouemon Kimura, Dünýäniň Ginnes rekordlary tarapyndan “dünýäniň iň garry adamy” diýlip, tassyklandy.

Duşenbe güni, ABŞ-nyň Iowa ştatynda ýaşaýan 115 ýaşly Dina Manfredini aradan çykandan soň, “dünýäniň iň garry adamy” tituly ýaponiýaly Jirouemon Kimura geçdi.

Dina Manfredini, Kimuradan ortaça iki hepde öň dünýä inipdir.
XS
SM
MD
LG