Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň baş diplomaty ýadro meselesi boýunça çykyş etdi


Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi, ýurduň ýadro programmasy bilen bagly halkara jemgyýetçiliginiň we Tähranyň arasyndaky petige dirän ýagdaýlaryň bes edilmegi üçin, çözgüdiň oýlanyp tapylmalydygyny aýdýar.

Salehi iki tarapyň hem bu ýagdaýlardan çykmak üçin, netijä gelendiklerini aýdýar. Duşenbe güni, bu barada Eýranyň “Studentler” habar agentligi maglumat berdi.

Salehi, petige dirän ýagdaýyň soňuna ýetmek üçin, hiç hili täze inisiatiwa teklip etmedi. Şeýle-de Eýranyň we dünýäniň alty iri döwletiniň arasyndaky gepleşikleriň haçan ylalaşyga geljekdigi barada hem maglumat bermedi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Wiktoriýa Nuland, Tähran gepleşikler barada çynlakaý bolsa, onda ABŞ-nyň Eýran bilen ylalaşykly gepleşiklere taýýardygyny aýtdy.

Iýun aýynda Moskwada bolan duşuşyk netijesiz bolupdy. Eýran özüniň ýadro programmasyna duwlanyp, ýadro ýaragyny döredýändigi baradaky aýyplamalary inkär edýär.
XS
SM
MD
LG