Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda bäş meýletinçi öldürildi


Karaçiniň Jinnah keselhanasynyň daşynda Ruhsana Bibi öldürilen gyzy Madihanyň jesediniň gapdalynda aglap otyr, Pakistan,18-nji dekabr, 2012

Karaçiniň Jinnah keselhanasynyň daşynda Ruhsana Bibi öldürilen gyzy Madihanyň jesediniň gapdalynda aglap otyr, Pakistan,18-nji dekabr, 2012

Hepdäniň duşenbe gününden bäri Pakistanda poliomiýelite garşy waksinasiýa geçirýän bäş sany işgär öldürildi.

Bu ýagdaý ýurduň iň uly şäheri Karaçide waksinasiýa programmasyny togtatmaklyga getirdi.

Karaçi şäheriniň polisiýa bölüminiň resmisi Amanul Marwanyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Maşal gullugyna aýtmagyna görä, Karaçiniň Gulşan Bonir raýonynda sişenbe güni iki sany aýal meýletinçi näbelli hüjümçiler tarapyndan öldürilipdir.

Polisiýanyň maglumatyna görä, sişenbe güni Karaçiniň golaýyndaky Awranki şäherinde başga bir aýal meýletinçi öldürilipdir we bir erkek işgär ýaralanypdyr.

BMG-niň maglumatyna görä, Karaçi şäheriniň töwereginde poliomiýelite garşy göreşýän dördünji aýal duşenbe güni öldürilipdir.

Poliomiýelite garşy waksinasiýa boýunça üç günlük programmanyň ikilenji gününde bu iş togtadyldy diýip, Sindh welaýatynyň bilim ministri Saghir Ahmad Maşal Radiosyna aýtdy.

24 müň işgär tarapyndan alnyp barylýan kampaniýanyň togtadylandygy aýdylýar.

Sişenbe güni demirgazyk-günbatarda ýerleşýän Peşawar şäherinde hem poliomiýelite garşy waksinasiýa geçirýän bir aýal atylyp öldürilipdir.

Bu wakanyň Peşawar şäheriniň eteginde Matra diýen ýerde bolandygyny ýokary derejeli polisiýa resmisi Mohmand Han aýtdy.

Maglumata görä, motosiklde barýan hüjümçiler poliomiýelite garşy kampaniýa gatnaşýan iki sany ýaş aýala ok atyp, olaryň birini öldüripdir.

Karaçidäki we Peşawardaky ähli pida bolanlaryň pakistanlydygy aýdylýar.

"Kapyrlaryň" kampaniýasy

Saglyk işgärleriniň atylyp öldürilen Karaçi şäherinde poliomiýelite garşy kampaniýa jogapkär saglyk işgäri Gül Naz Nighat näbelli adamlaryň jaň edip, “kapyrlaryň” kampaniýasyna kömek berýän işgärleriň jezalandyryljakdygy barada haýbat atandyklaryny aýtdy.

“Atylanlaryň ikisi hem meniň toparymyň işgäri. Olaryň biri Madiha , beýlekisi bolsa Fehmida. Men öz toparymda işleýänleriň bir adam tarapyndan atylandygy barada öýleden öň maglumat aldym. Ilki men öz toparlarymyň birini barladym. Olar öz adamlarynyň amandygyny aýtdylar. Soňra beýleki toparyma jaň etdim. Ol ýerden jaňyma jogap beren bolmady. Men alada galyp, olaryň ýanyna bardym” diýip, Nighat ölenleriň jesetleriniň getirilen Jinnah keselhanasynyň morgunda žurnalistlere aýtdy.

“Talybanlar” indi birnäçe aý bäri poliomiýelitiň waksinasiýasy boýunça geçirilýän kampaniýa garşy çykýandyklaryny we bu kampaniýanyň üsti bilen ABŞ-ň haýryna içalyçylykly işiň geçirilýändigini, waksinanyň bolsa adamlara zyýan getirýändigini aýdyp gelýärler.

Pakistan poliomiýelitiň ýaýramagynyň saklanyp galan üçünji ýurdudyr. Bu keseliň giňden ýaýramagy Owganystanda we Nigeriýada hem saklanýar.
XS
SM
MD
LG